07.02.2023 Döredijilik180 .

Mugallyma


Il ynansa saňa öz ezizini,
Ynama wepaly bolmagyň gerek.
Görkezip terbiýäň uzdan uzyny,
Nusgalyk edebi bermegiň gerek.

Ylym erbetlikden goraýan ata,
Wagtynda göz ýetir şu hakykata,
Bilim zerurdanam zerur ymmata,
Her çagany bagtyň saýmagyň gerek.

Goý, ýagşylyk bezesin çar ýanyňy,
Güýç-gaýratyň barka görkez baryňy,
Ýanmasaň çoýubam bolmaýanyny
Ilki özüň gowy bilmegiň gerek.

Paltabaý KAKABAÝEW.
"Garagum" žurnaly, №1-2023

Tmpedagog