24.12.2024 Döredijilik59 .

ROWAÝAT, GÖNEZLIGI — HAKYKAT


Ýetginjek döwrümiz hyşa, ýylgyn ýygmaga Temriniň oýuna giderdik. Ýogsa, şeýle jeňňellik Gäwürgalanyň aşak ýüzündäki Welnam ýatan oýda-da bardy. Ýöne ol ýerden näme üçindir birhili, üýşenerdik.

1948-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundan dolanyp gelen ýetim ýigit Allaberdi obada galan gojalar bilen çölüň eteginden guýy gazýar. Guýynyň ilki suwunda janly soýlanda, bir nätanyş ötegçi: “Bu Abu-Zülaly halkyň haýryna gazan ýigit ýetim däl, ol Temri — neberesi örňeýän döwletmen bolar, enşalla” diýip dileg edip, el göterýär. Şunlukda, guýam, öri meýdanam, hatda Allaberdi aganyň özem ilki Allaberdi Temri ogly, soňra bolsa Temri ady bilen tanymal bolup galýar. Derýa gelip ekinzarlyk bolan bu meýdana häzirlerem garry gojalar Temriniň oýy diýýärler.

Bu gürrüňi eşidenimden iki müçe geçensoň, Ümür Esen halypa, Merwşynas Azym Ahmet, fotohabarçy Geldimyrat Onbegi bilen dört bolup Murgap derýasynyň üstünden, Ýolöteniň Ahun baba geňeşliginiň Tokaý hojalygy (il içinde Çary işanyň obasy ady bilen tanalýar) bilen Türkmengalanyň Rehnet geňeşliginiň Ýalkym obasy aralykdan täze açylan pyýada asma köprini görmäge gitdik. Toraňňy tokaýlygynda duşan padyman: “Temriň guran köprüsi öňki sal-parom geçelgeden gaýrarakda” diýip salgy berdi.

Baýramalydaky Temri guýy, Murgap derýasynyň üstündäki 100 metrlik uzynlykdaky Temri köpri, Türkmengalanyň Rehnet geňeşligindäki Temri metjidi Allaberdi aganyň öz hasabyna halka haýyrlysy bolsun diýip eden ýagşy işleri eken. Türkmengalaly gojalar Baýram Hydyr, Mommy Pälwan, Orazberdi Durdy, Magtym Atda, Baýram Nazar, Daňatar Çary dagy Allaberdi Temrini ýagşylykda ýatlap, aşakdakylary aýdyp berdiler.

Toý-märekede ýetirinip bilmeýänler karz goýun sorap gelseler, Temri aganyň özi agyla barmazdan, malyň nähilidigini, näçedigini görmezden, alyja “Ynsabyň bilýär” diýip, berip goýberer eken. Aýaly Gurbangözel eje Allaberdi aganyň hiç wagt algy-bergi depderini ulanmandygyny aýdyp, uly ogly Kakamyradyň täze salan jaýyny 3-4 ýyllap üçekläp bilmänini, sebäbi alnan agaçlardyr şiferleri Allaberdi aga dileg-tirkeg edip gelene mugtuna berip goýberýänini ýatlar eken.

Bir sapar özi ýaly çopan toýa diýip karz alan mallaryny yzýany bilen getirip, gama batyp oturyp: “Toý bulaşdy. Aljagymyzyň halaşýany bar eken. Tüýs “Ýetimiň agzy aşa ýetende burny ganarlary boldy” diýýär. Allaberdi aga ýanýoldaşy Gurbangözel ýeňňä gyzyny toýa taýýarlamagy maslahat berende: “Gyzyň entiräniň egninden galdyryp goltgy berer, ömri ötinçä obaň sylagly gelni bolar” diýip bozulan toýy düzedip goýberipdir.

Kalby türkmen aganyň belent ynsanperwerligine ýugrulan sada çopan Allaberdi aga hakda “Kyýamat gün jomarda dowzahdan zyýan ýetmezmiş” diýýän gojalar “Ýagyş bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär”. Tüweleme, sekiz gyz, alty oguldan neberesi dört ýüze ýeteňkirlän Allaberdi aganyň, Gurbangözel ýeňňäniň sogaby soňsuzdyr. Bir içidi, bir geçidi, bir metjidi halk üçin mugtuna gurduranyň üç hajylyk sogaby bar” diýýärler. Halk aýtsa, galp aýtmaz.

Sahylykda Hatam Taý, jomartlykda Jopban baý diýdirýän türkmen aganyň halk, Watan üçin janyny orta goýjak ýigitleri sanardan köpdür. Bagtyýar halkymyz özüniň beýik ynsanperwerligi, gamly günde goltgy berýänligi bilen ähli milletiň hormatyny gazanan asuda, asly halal, Hydyr gören milletdir.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy, mirasgär.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 19.12.2024

Tmpedagog