13.12.2024 Döredijilik50 .

Köňül aýdymy


Ýaz deý ýaşyl Baýdagymda nyşany,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.
Watanmyň şöhraty, halkymyň şany,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.

Abat dünýä aýdym bolsa, saz bolsa,
Göwünler bir bolsa, ýürek saz bolsa,
Arzuw hasyl bolsa, ömür ýaz bolsa,
Bagtymyň bahary Bitaraplykdyr.

Parahatlyk, asudalyk seresi,
Beýik döwrüň altyn harply senesi,
Ajaýyp şu güni, aýdyň ertesi,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.

Mertebämiz, derejämiz, sarpamyz,
Geçmişimiz, şu günümiz, ertämiz,
Watanyň bagt bolup daň deý ter-tämiz,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.

Watan gymmatlygy eziz bar zatdan,
Öňedir ümzügi bat alar batdan,
Her güni beslenýär şanly şöhratdan,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.

Bagt bady at salar sähra-düzlükden,
Watandan eziz söz tapman sözlükden,
Gözbaş alan beýik Garaşsyzlykdan,
Baky bagtyň nury Bitaraplykdyr.

Jänegül GURBANOWA,
Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň ýokary derejeli
başlangyç synp mugallymy.



Tmpedagog