10.10.2024 Döredijilik18 .

Pyragynyň gudraty


Tomusky dynç alyşda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyndaky Aktokaý obasyna syýahat etmek bagty nesip etdi. Aktokaýly türkmenler bizi güler ýüz bilen garşy aldylar. Öňümize düşüp dana şahyr Magtymguly Pyragy we onuň ylym atasy hem halypasy bolan Garry molla Azadynyň ýatan aramgähine eltdiler. Aýat-töwir okap, olaryň ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdiler.

Şol ýerli türkmenler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bir ýaşulynyň aýdanlary ýüregime ornady. Şol gürrüňi hem okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildim.

Ýaşulynyň gürrüň bermegine görä, Pyragynyň şygyrlaryny kalbyna keşdeläp, hakydasyna ýazyp, heňlere salyp, hiňlenip ýören bir türkmen her anna güni irden şol äramgähe gelip, ilki ýatan bendelere aýat-töwir edip, soňra-da daş-töweregi arassalap, gider eken. Eger şol ýerdekä aramgähe zyýarat etmäge gelen myhman bar bolsa, olara hem goldan gelen hemaýat-hyzmatyny gaýgyrmaz eken.

Günleriň birinde ýaňky adam bir dermansyz derde uçrapdyr. Ne iýip bilipdir, ne-de bir iýenini siňdirip bilipdir. Ol barha tapdan düşüp, mydarsyz halda düşege baglanypdyr. Indi özüniň aýaga galmajagyny boýnuna alypdyr. Sebäbi, derdine hiç hili em tapylmandyr. Şeýle günleriň birinde ýaňky hassa daňa golaý bir düýş görüpdir. Düýşünde Magtymguly Pyragy hassanyň ýanyna gelip: “Hany, tur ýeriňden, sen entek maňa hyzmatlaryň hem hemaýatlaryň bilen gerek adam” diýipdir. Muny eşiden hassa: “Meň turara ýagdaýym ýok, hem juda gorkýan” diýipdir. Onda Pyragy: “Hany, tur-da yzyma düş” diýip ýaňky hassa bendäni turzup, aramgähiniň töweregindäki baýyrlyga eltipdir-de: “Sen şo ýerde dur” diýip, beýik baýryň üstüni görkezip yşarat edipdir. Baýra çykan hassa ýene şahyra garap seslenipdir: “Men juda gorkýan, meni ýeke goýma”. Şahyr oňa garap: “Gorkman duruber” diýen manyda başyny atypdyr. Näsag kişi sandyrap durşuna şahyryň giden ugruna gözüni tegeläp garaýarmyşyn. Hassa ep-esli arany açan Magtymguly şahyryň iki elini arşa göterip, gara dere batyp bir zatlary uzak okanyny synlapdyr. Birden hem şahyr elini aşak bat bilen goýberipdir welin, toprak ikä serpilip, şahyryň ýüzüne ýagty nur düşüpdir. Ol nura tarap eglip bir gysym topragy alyp, ilki öz alnyna sürtüp, soňra-da hassa kişiniň ýanyna gelip ýaňky topragy oňa uzadyp, gözden gaýyp bolupdyr. Bolýan zatlara haýranlyk bilen seredip duran adam hem, eline alan topragyny alnyna sürtüp oýanypdyr. Gören ahwalatynyň düýşdügini, huşdugyny bilmän, birbada oýa batyp oturypdyr. Esli wagtdan özüni dürsäp, ýerinden tursa, süňňüniň ýeňlänini duýupdyr.

Şol düýşden soň hassa hikmetli ýagdaýda aýaga galyp, uzak ýyllar şahyryň aramgähinde hyzmatda bolupdyr.

Bibihatyja POPYÝEWA.
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 10.10.2024

Tmpedagog