03.10.2024 Döredijilik33 .

Sowgat (Hekaýa)


Nurly aga ýaşy altmyşdan geçen orta boýly, gözleri gülüp duran peşeneli adamdy. Ol ömrüni çopançylyga bagyş edipdi. Çagalykdan çölde mal yzynda gezip, ymgyr sähralary pyýada söküp çykypdy. Bütin ömrüni düzde dowar yzynda geçirendigi üçin, golaýda boljak howany çaklamagy hem başarýardy.

Gyşyň garyny, tomsuň gyzgyn çägesini ýassanyp, dört pasly mal yzynda geçirýän ýaşuly çopan akyldar şahyr Magtymgulynyň kitabyny hiç wagt ýanyndan aýyrmazdy. Ýeke özi mal bakýan wagtlarynda bu kitap goja çopana syrdaş bolýardy. Dowarlaryň arasynda gezen wagty Magtymgulynyň goşgularyny labyzly sesi bilen ýatdan aýdardy. Çopan taýagyny dutar edinip, akyldar şahyryň goşgularyndan aýdyma hiňlenerdi. Ýanyna gürrüňçilige gelýän çopanlara Pyragynyň Watan, mertlik, agzybirlik baradaky goşgularyny okap berip, olaryň sagbolsunyny alardy.

Ýaz geldi. Çopanlar owlak-guzy möwsüminde arkaýyn çaý içmäge hem ýetişmeýärdiler. Şol günleriň birinde Nurly çopanyň agtygy Kuwwat dynç alyş möwsümine çykyp, atasynyň ýanyna kömek etmäge geldi.

Al-ýaşyl dona bürenen çöl örän owadandy. Bökjekleşip dürli oýunlary edýän owlak-guzulary synlamak ýakymlydy. Atasynyň Aždar atly alabaý iti bilen Kuwwat tiz dostlaşdy. Günler kerwen gurap geçip dursa-da, onuň hiç oba dolanasy gelmedi. Ylaýta-da, atasynyň boş wagtlary daşyna mahmal dolanan kitabyny horjunyndan çykaryp, ondan okap berýän goşgulary Kuwwady özüne çekýärdi. Atasynyň owadan sesi bilen Magtymguludan okaýan goşgulary ony haýran galdyrýardy. Onuňam hut atasyna meňzäp, akyldar şahyryň goşgusyny okasy geldi. Nurly aga agtygynyň içki pikirini duýan ýaly oňa:

— Oglum, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her setiri — keramat. Şahyryň kitabyny men ömrüm boýy çölde ýanymda sakladym. Ol ýalňyza syrdaşdyr, söhbetdeşdir, maslahatçydyr. Indi bu kitaby saňa ýadygärlik berjek, dana şahyrymyzyň goşgularyny köp oka, gowy sakla! — diýdi.

Agtygy atasynyň beren kitabyny alyp oba gaýtdy. Bu kitap köne-de bolsa, ol Kuwwat üçin şol güne çenli özüne berlen sowgatlaryň iň gymmatlysydy.

Akbäbek GARAÝEWA,
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 03.10.2024

Tmpedagog