20.09.2024 Döredijilik36 .

Suw gaby


Goňşy oba toýa gitmäge meýil edipdik. Dostum Durdy sagadyna seretdi-de, barmaly wagtymyzyň golaýlandygyny ýaňzytdy. Ýanymyzda duran Geldi ulagyna ümledi-de:

— Agalar, äkitmäni-hä kyn göremok, münüň — diýdi.

— Inim, seni azara goýmaly, işiň bilen bolaý, gabatlap, duralga barybilsek, ulag tutarys-da aşarys, bu wagtlar, tüweleme, ulagdan köp zat ýok.

— Görüň-dä, meniň-kä aýtmak, isleseňiz duralga çenli äkideýin, ulag gabat gelmese, irikgä bolup durman, aňryk gidibereriňiz ýaly...

Biz «Ýok» diýen terzde elimizi salgadyk-da tirkeşip, duralga ugradyk. Barsak, boş ulaga gabat gelmedik. Garaşyp gördük, geliberýän zat ýok, toýa-da köpçülik bilen wagtynda görünseň kem däl. Gijä galsaň gyzygam gaçýar, toý eýesine-de azar bolýarsyň.

Wagt gyssansoň, Geldä jaň etmeden başga alaç galmady.

— Inim, özüň gaýrat edäýmeseň-ä şu wagt-a bärde ulagam ýok ekeni, garaşsagam wagt ýitip barýar.

Ol mähetdel etmän geldi-de, diýen ýerimize eltip gaýtdy. Toýda gürrüň arasynda bolan wakany ýatlasak, ýaşulularyň biri:

— Inim, “Suw gabyňy suwuň boýunda dök” diýilýändir, siziňki şoň tersine bolupdyr. Siz suwuňyzy suw boýuna barmankaňyz döküpsiňiz — diýdi.

— O näme diýdigiňiz, agam? — diýdik.

— Suwuňy döküp, boşadyp barsaň, ýap boýunda-da suw çekilen bolsa, suw tapman, öňküje bar suwuňdanam dynarsyň-da, düşünip-düşünmez ýaly bärde näme bar? Sizem Geldiň ulagynda duralga gelip, başga ulaga münen bolsaňyz, ýa şonuň bilen bada gaýdan bolsaňyz, iki işli bolmazdyňyz...

Biz nurana ýaşulynyň näme diýjek bolýanyny aňlap, entegem nesibämiz bolup, Geldiňem bir ýana gitmän, wagtynda getirenine begendik. «Öňküleriň aýtmadyk zady ýog-ow» diýibem, baş atdyk.

Nurmyrat ATAÝEW,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 19.09.2024

Tmpedagog