31.01.2023 Döredijilik119 .

Watan – bagtym


Dünýä inip, ilki görenim sensiň,
Seniň gujagyňa nesibäm çeken.
Egnimden galdyryp, ak pata berip,
Ak ýola ataryp ýylgyryp bakan,
Watan!

Ýazlaryň yşgy bar ene ýeriňde,
Güýzleriňden rysgal bal bolup akan.
Gijeler-gündizler sensiň serimde,
Sen ýalňyzsyň meniň bagtymdan çykan,
Watan!

Sende pederleriň goýan yzlary,
Gujurly nesiller geljegňe baka.
Goý, ýaňlansyn heňňamlaryň sazlary,
Buýsanjyndan bagtyň lälesin kakan,
Watan!

Gülnara JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 26.01.2023

Tmpedagog