13.09.2024 Döredijilik79 .

Arkadagly Gahryman Serdarymyz


Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Halkyna eşretli durmuş bagyş eden,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.
Döwrümize beýik işler nagyş eden,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Sarpaly gojalar, mährem eneler,
Goşalanyp gelýär baýram, seneler,
Ak ýollar uzasyn ýene-ýeneler,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Barha gözelleşýär şäherdir obam,
Agşamlar haýyrly, nurludyr sabam,
Peder ýolun eder dowamat-dowam,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Arzuwlanyň hasyl bolýan döwürde,
Aýdym, goşgy joş urup dur göwünde,
Hormatyň belentdir dünýäň öňünde,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz.


Pyragy

Ýyllardyr asyrlar etse-de öwrüm,
Hormatyň belende galdy, Pyragy.
Hasyl bolup seniň arzuwlan döwrüň,
Hormatyň belende galdy, Pyragy.

Gadymy Dehistan — Etrek illeri,
Waspyň edip, şat saýraýar dilleri,
Ýurduňy bezedi elwan gülleri,
Hormatyň belende galdy, Pyragy.

Goşgularyň durşy bilen akyldyr,
Manylary soňlanmajak nakyldyr,
Dana siz, dünýäde beýik akyldar,
Hormatyň belende galdy, Pyragy.

Arzuwlan döwletiň berkarar boldy,
Halkyňa eşret hem bagt ýar boldy,
Näçe waspyň etsem, ýene az boldy,
Hormatyň belende galdy, Pyragy.


Ýaz eýle

Älemi ýaradan keremli Alla,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.
Diňe gowy zady söýlesin zyban,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.

Şükür edýän baryma hem ýoguma,
Bilbil gonsun gül-çeçekli bagyma,
Sataşdyrma ahmyra, armanyna,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.

Ejizläne hossar bolarym ýaly,
Iş bitirip, alkyş alarym ýaly,
Özümden hoş bolup gülerim ýaly,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.

Pellehana ýetsin münen bedewim,
Haýyr bolsun, sogap bolsun edenim,
Saglykdan aýyrma sagat bedenim,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.

Gül açan Diýary ýaşaýyn söýüp,
Ajaýyp günleriň hözirin görüp,
Kalbyma imany, päkligi guýup,
Galkynan göwnümi mydam ýaz eýle.

Hojaahmet BABAGYLYJOW,
Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiri.

"Balkan" welaýat gazeti, 12.09.2024

Tmpedagog