13.09.2024 Döredijilik54 .

Ene — dünýäniň görki


«Ene» diýen ýekeje sözüň aňyrsynda daglar ýaly belent many ýatyr. Ene ýüreginde nurly güneş kimin gyzgyn mähir, tolkun atýan ummanlar deýin möwçli söýgi ýerleşýär. Ene — gudrat, ene — keramat. Dünýäniň bahar-ýazy, ýaşaýşyň ýaraşygy eneleriň barlygy bilen şöhlelenýär. Ene — her birimiziň göz açyp gören, diňe görer göz bilen däl-de, eýsem ýürek urgusy bilen kabul eden, göwün ganaty bilen guçan mähribanymyz. Ene — dünýädäki bar ajaýyplykdan üstün gelýän keşbiň eýesi. Şeýle bolansoň, her kim öz ejesini dünýädäki iň owadan, iň mähriban we iň hamrak ynsan hasaplaýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ejesinden azaşyp aglaýan oglanjykdan: «Ejeň nähiliräk aýal, daş keşbi nähili bolmaly?» diýip, soranlarynda, oglanjyk ejesini «Ejem — iň owadan aýal» diýip suratlandyrypdyr. Ene mähriniň çaga ýüregini çoýýan ýylysy dünýädäki ähli gözelliklerden belentde durýar. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn ýaradylyş ýokdur. Eziz Watan bilen mähriban ene ynsanyň iň arzyly mukaddeslikleridir.

Eneler — maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen, eneler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine örän uly goşant goşýarlar. Türkmen eneleri maşgala ojagynyň ýylysyny, nesil-neberesiniň abraýyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap saklap, bu tämiz mirasy asyrlardan asyrlara ýetirip gelýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda belleýşi ýaly, bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr.

Biz dünýäniň direg sütünini eziz enelerimizde görýäris. Eneleriň köňül arzuwy abatlykdyr, abadançylykdyr. Eneler ýylgyrsa, dünýä gül açýar. Ynsanyň ýagty jahana gelip, ilkinji duýýan ýakymy enäniň yssy mähridir. Ene mährinden ganyp ulalan çaga bütin ömrüne enäni, ene mertebesini başynyň täjine deňeýär. Eneler iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň jeminden dörän ýaradylyşdyr. Şonuň üçin hem olar iň mähriban we mukaddes ynsanlardyr. Ene — dünýäniň görki, durmuşymyzyň bezegi, döwletli ojaklarymyzyň diregi. Baldan süýji balasyna şirin janyndan jan berip, dünýä inderen, ak süýt berip kemala getiren, many-maňyzly hüwdüleri bilen oňa durmuşyň ähli gowulyklaryny arzuwlan enelerimiz iň beýik söýgi-sarpa mynasypdyrlar. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir.

Goý, toýlarymyzyň bezegi, törümiziň gelşigi mährem enelerimiziň ýüzleri hemişe gülüp dursun!

Nurjahan ÇOPANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 11.09.2024

Tmpedagog