11.09.2024 Döredijilik64 .

Beýik dana Magtymguly


Ýalkym, nury Günde gördüm,
Yşk mährini gülde gördüm,
Söz gudratyn sende gördüm,
Beýik dana Magtymguly.

Dumanlydyr daglaň seri,
Ylham göwnüň ganat-peri,
Tagzym saňa, sözüň piri,
Beýik dana Magtymguly.

Dag düýbüne gaçýandyr daş,
Göze bezeg berýändir gaş.
Ylahydan gelýändir joş,
Beýik dana Magtymguly.

Uly-kiçi okar, diňlär,
Göwni galkyp, derdi ýeňlär.
Il-ulusy supra jemlär,
Beýik dana Magtymguly.

Watan — binýat, il daýanjy,
Şygryýetiň göz guwanjy,
Eziz ýurduň sen buýsanjy,
Beýik dana Magtymguly.

Şol geçip dur döwür, heňňam,
Şugla saçýar täze eýýam,
Syrlaryny açýar dünýäň,
Beýik dana Magtymguly.


Pyraga tagzym

Ak daňlara gujak gerýän,
Gudrat baryn sende görýän.
Yşga düşen mejnun ýaly,
Goşgularňa göwün berýän.

Günler barýar täze güne,
Her gün ýolun tapar ýaly.
Göge galkan şatlyklary,
Ynjan göwne sapar ýaly.

Öwüt-pendiň baýdak edip,
Beýik maksat tutar ýaly,
Ýurt mährinden ganat ýasap,
Arşa sary uçar ýaly.

Sežde kylyp goşgularňa,
Men şeýle bir ylham alýan.
Ýüz müň şükür, okan wagtym,
Türkmendigme monça bolýan.

Hudaýguly GOÇOW,
Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 11.09.1024

Tmpedagog