07.09.2024 Döredijilik74 .

Garaşsyzlyk- bagtymyzyň gözbaşy


Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşigine

Garaşsyzlyk- bagtymyzyň gözbaşy

Hasyl boldy atalaryň arzuwy,
Aýtsam aýdym, ýazsam bolar sözbaşy.
Erkinligiň gujagynda halkymyz,
Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy.

Arkadagyň peşgeş beren eýýamy,
Kalplaryň buýsanjy, göwünleň hoşy.
Bu gün Arşa ýetdi türkmeniň ady,
Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy.

Arkadagyň beren ajaýyp döwri,
Buýsanjyň artdyryp, uzaldýar ömri,
Naçe taryp etsek, az bolar öwgi,
Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy.


Watanym

Buýsanjym sen, guwanjym sen, bagtym sen,
Arkadagly eziz Diýar — Watanym.
Iň mukaddes zadym, taj-taglym sen,
Arkadagly eziz Diýar — Watanym.

Seniň şan-şöhratyň argyn deñinde,
Gözellikde taý tapylmaz deñiñde,
Has beyik geljegiň bardyr öňünde,
Arkadagly eziz Diýar - Watanym.

Beýik berdi bize bu bagty,
Halkymyñ, ýurdumyň gülleýän wagty,
Şu günmüz eşretli, geljek has ýagty,
Arkadagly eziz Diýar — Watanym.

Uzak yasa, uzak ýasa, Arkadag!
Yüregmizde Size söýgi, sarpa bar!
Biz — ýaş nesil Sizi baky sarpalar,
Arkadagly eziz Diýar — Watanym.

Zyýada Ýusubowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



Tmpedagog