07.09.2024 Döredijilik229 .

Çagalygymyň duralgasy (Hekaýa)


Ýaşan ömürlerinde ajyny-süýjini dadyp, başdan geçirilen her bir pursatyňdan nämedir bir zady öwrenip, olary durmuş sapagy edinen nurana dünýäniň — ene bilen atanyň, mama bilen babanyň ornunyň agtyklary üçin nähili uludygyny ýanjap oturmagyň hajaty ýokmuka diýýän. Çagalygymy ýatlasam, ilki bilen, enemdir atamyň didary göz öňümde janlanýar. Olar bilen geçen günler — çagalygymyň iň bagtyýar duralgasy. Suw deýin akyp giden ýyllaryň aňrysynda galan mähriban keşplerini ýada salsam, kalbymy üýtgeşik duýgular gaplap alýar. Çaga dünýäsiniň gaýgy-aladasyz günleriniň ýakymly ýatlamalarynyň täsiri wagtyň ýowuz kadasyna boýun egmeýän dek köňül köşgümde henizem çagalygyna galan ýüregimi heýjana salýar. Hyýalymda birsalymlyk eneli we ataly günlerime myhmançylyga gidýärin.

Kakam maşgalada uly ogul bolany üçin, biz düýp öýden ir göçüp gaýdypdyrys. Men ol wagtlar kiçijik ekenim. Ejemiň aýtmagyna görä, ýaňy üç ýaşym dolan eken. Şoňa görä-de olar bilen bile ýaşalan günler meniň ýadymda däl.

Ulalyp, ekabyrrak ýaşa ýetenimizden soň, enem bilen atamyň ýanyna häli-şindi baryp gaýtmagy endik edindik. Düýp öýe golaý ýaşamasak-da, biz olary her gün diýen ýaly görýärdik. Oba mekdebinde okaýarkak, ýolumyz garry öýüň üstünden geçerdi. Onsoň her gün säher bilen okuwa barýarkak, mähriban ojaga sowlup, salamlaşmak, hal-ýagdaýlaryny soramak, yzymyza gelýärkäk ýene didarlaşmak biziň edähedimize öwrülipdi. Elbetde, şeýle etmegimizi ejem bilen kakamyň sargaýany ýadymda.

Olaryň biziň öýümize gelen güni uly bir baýramçylykdy. Öýümiziň ulularyndan başlap, iň körpeje agzasyna — kiçi jigime çenli olary nirede oturtjagyny bilmän, ugurlarynda hozanak bolup ýörüşlerini diýseňizläň! Meniň pikirimçe, megerem, dünýäde hakyky bagt bar bolsa, ol edil şol pursat bolmaly. Saçak ýazylyp, çaý-çörek alnandan soňra, süýji söhbetler başlanardy. Olaryň ýanlarynda oturyp, gürrüňlerini diňlemek iň eý görýän güýmenjämizdi. Ulular nämedir bir zadyň gürrüňini ederdiler. Biz bolsak çaga bilesigelijiligi bilen olary diňlärdik. Olaryň näme gürrüň edýändikleri bizi gyzyklandyrmaýardy. Biz diňe diňleýärdik... Gaýtalanmajak pursatyň hezilliginden lezzet alyp, arzuwlarymyzy, hyýallarymyzy pähim-parasatdan doly sözler bilen gandyrýardyk.

Olaryň ýanynda ýaşyňa mahsus balaja hereketleriň — garagollugyň jezasy bolmaz. Ejeňdir kakaň eden etmişiň üçin gatyrgansa-da, ötüp giden ýyllaryň beren tejribesinden ýüki ýetik pähimdar ataňdan, nurana dünýäniň iň mährem zenanyndan — eneňden gaty-gaýrym söz eşitmeg-ä beýlede dursun, hatda gaşynyň çytylanyny hem görmersiň. Olar nähili ýagdaý bolanda-da, mydama agtyklaryny apalaýan perişdesypat ynsanlardy.

Enem bilen atamyň mähriban öýi — çagalygymyň iň ajap çagynyň şaýady. Açyk gök reňkli tamyň gapysyny açanyňdan, içeriniň burnuňa urýan ýakymly hem tanyş ysy, öýüň süňňüne ornan tämiz howasy şindilerem ýadymda. Hyýalymda ýa düýşümde bu gapyny telim ýola kakyp, söýgi howry egsilmejek ýere ençeme gezek gaýybana zyýarata gelendirin. Her gezegem nurana dünýäniň rehimdarlygy, mylakatlylygy bir ýere jemlenip, geleriňe mähetdel edip goýlan gyzgynjak nahary demini alan çaý bilen saçaga alýar-da: «Geç, guzym, sowamanka» diýýär. Şol birmahalkysy ýaly... Hiç zat üýtgemändir, ne olar, ne-de çagalykda bagt hasaplan närselerim...

Hawa, wagt biziň çagalygymyzyň deňinden bireýýäm geçip gidipdir. Şol ýyllaryň içinde özümiňem taýlyja garagöz çaga ýüzüm düşdi. Indi özüm olara ýygy-ýygydan: «Ýörüň, hany, eneňizi, ataňyzy görmäge gideliň!» diýmegi endik edinipdirin.

Goý, olaram bagtyýar günleriniň duşundan binesip geçmesinler!

Bägül BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 06.09.2024

Tmpedagog