30.08.2024 Döredijilik67 .

Bilimler hem talyp ýaşlar gününde


Şatlyk bilen geldik bu gün mekdebe,
Bilimler hem talyp ýaşlar gününde.
Täze özgerişler bolar gör, ýene,
Bilimler hem talyp ýaşlar gününde.

Gat-gat kitaplaryň manysyn açyp,
Joşgunly kalplardan dürleri seçip,
Ylym-bilme sary uzak ýol açyk,
Bilimler hem talyp ýaşlar gününde.

Dowam edip atalaryň ýoluny,
Ak bagta ataryp türkmen ilini,
Kalplara siňdirýäs ylym-bilimi,
Bilimler hem talyp ýaşlar gününde.

Çuňňur bilim bilen bezäp eýýamy,
Täze açyşlara besläp dünýäni.
Watanym güýç alýar geljege sary,
Bilimler hem talyp ýaşlar gününde.

Maral BERDIMYRADOWA.
Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 29.08.2024

Tmpedagog