23.08.2024 Döredijilik33 .

Durmuş durşuna synag


Meniň ilki talyp boljak bolşum öňem bir äheňgiriň ýaramaz gyrkylyk ýasap “Ýa demrinden, ýa kömründen» diýip öz emelsizligini boýnuna almaýşy ýaly boldy.

Synagdan geçmän öýe gelenimde kakam: “Nesibäňde ýokdur» diýip, bir halta kitap bilen çöle ugratdy. Dym-dyrslyk çölde, çopan Ora dymmanyň çolugy boldum. Öň gum göremsoň, aýtdyrman işimi edip, sypyndygym kitap-depdere ýapyşýaryn. Arasynda Ora dädä-de goşgy okap berýärin. Ýaşulynyň gitdigiçe ýüzi açylsa-da, dili açylanok. Ýöne bir gije sürä gurt çozanda, beýleki itleriň yzyna düşmän, Çaňňal bilen gurt geljek tarapa ylgap, sözen taýagyny ulanyşymy halady. Ertesi: “Döwhe batyr, ýüregiňde galdyr-basdyrlyk ýok eken! Ýazgyňa ýetişmeseň aýdaý» diýdi welin, zähmet sapagynyň synagyndan “bäşlik” alana döndüm.

Galyň garda göni gelýän keýikler, bägülli baharda jübüt saýlap tans oýnaýan durnalar, mert gezýän gurtlar, gedem kepjebaşlar hakda hekaýatlar, Ora dädäniň köne gürrüňleri, rowaýatlary bir depderi doldurdy.

Çölden gaýtjak wagtym: “Sen talyp bolarsyň! Bar, sabyr-takat, yhlas, şowlulyk ýaryň bolsun” diýdi welin, halypadan ak pata alan şägirde döndüm.

Çölüň beren sapagynyň köp ýerde peýdasy degdi. Çöl ýazgylarymy ussadym — dostum Şöhrat Abda görkezenimde: “Saklaberseň geregi, çykar bir gün geregi” diýip, döredijilige ugrukdyrdy.

Ondan bäri kyrk ýyl geçipdir. Ýöne her ýyl tomus talyplyga dalaşgärleri görenimde edep beren kyblam, hünär öwreden halypam, ýol görkezen ussadym ýadyma düşüp gidýär. Görüp otursam, durmuş durşuna synag eken. Okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, ene-ataňa, ussatlara, ata Watana ak ýürekden hyzmat etmek synaglarda şowlulyk getirýän eken.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 22.08.2024

Tmpedagog