16.08.2024 Döredijilik83 .

Körpelere okap beriň!


Sagat

Bir kiçijik,
Tegelek jam.
Içinde-de,
Bar ençe san.

Üç dili bar,
Çarhly olar.
Bir-birinden,
Parhly olar.

Ikisiniň,
Boýy derek.
Biri kiçi,
Hut girdenek.

Bir eneden,
Bile dogan.
Üçemlerdir,
Bile dogan.

Agzybirdir,
Şonda bagty.
Şoňa bagly,
Dünýäň wagty.


Äýnek

Göz üstünde,
Ornum bardyr.
Direnere,
Burnum bardyr.

Tutmaga-da,
Iki gulak.
Men eýäme,
Mydam gerek.

Hat ýazsa-da,
Otursa-da.
Iňňä sapak,
Ötürse-de.

Okasa-da,
Gazet, kitap.
Ýetişýärin,
Men bada-bat.

Kömek edýän,
Görmäge men.
Ynanmasaň,
Dakynyp gör.


Arça

Ýaşyl dona,
Bürenipdir.
Owadanja,
Bezenipdir.

Dostlary-da,
Köp ýanynda.
San ýetjek däl,
Sanasam-da.

Ählijesi,
Meňzeş olaň.
Meger, deň-duş,
Syrdaş olar.

Alty ýaşly,
Jigim ýaly.
Akyllyja,
Olaň özi.

Otyr daglaň,
Gaýasynda.
Silleň akan,
Joýasynda.

Sarsanok ýel,
Şemala ol.
Doňan ýaly,
Hamala ol.

Ýykylmazlar,
Döwülmezler.
Ýa akmak deý,
Öwünmezler.

Sebäp olar,
Sap ýürekli.
Ula-kiçä,
Hem gerekli.

Özlerinde,
Erki olaň.
Goja daglaň,
Görki olar.

Allanazar AÝNAZAROW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 15.08.2024

Tmpedagog