16.08.2024 Döredijilik275 .

Ynamyň gudraty (Hekaýat)


Ir döwürlerde obanyň bir baý adamy bar eken. Ol öz ogluna çöle gidip, çopandan mallaryň hasap-hesibini soramagy we bir-iki sany işşek goýny soýup, huruşlyk üçin alyp gaýtmagy tabşyrýar. Ogly atyna münüp, ýola düşýär. Barmaly ýerine barandan soň, çopana salam bermäge derek dessine mallaryň ýagdaýyny soraýar we kakasynyň ýumşuny tabşyrýar. Çopan sesini çykarman, aýdylan zatlary ýerine ýetirmäge başlaýar. Birden hem baý oglunyň çirkin sesini eşidip, ol tarapa haýdap barýar. Baryp görse, oglanyň ýüzi gorkudan ýaňa ak-tam bolupdyr.

“Ýylan çakdy” diýip, baýyň ogly aljyraňňy ýagdaýda agyryly aýagyny çopana görkezipdir. Çopan dessine onuň aýagyna soýlan işşekleriň biriniň garnyny ýapyp, ýaglyk bilen berk çekdirip daňýar. Soňra bolsa oglana ýüzlenip: “Şerraýlama, inim! Seni ýylan çakanok, seni hol uçup barýan ary çakdy” diýip, oglany ynandyrýar. Oglan biraz arkaýynlaşyp, ýol şaýyny tutýar. Onsoň ol çopana sagbolsun-da aýtman, huruşlaryny ata ýükläp, ýola düşýär. Çopan hem: “Sag-aman bar” diýip oglany ugradýar. Yzyndan garap durşuna bolsa: “Allaha şükür! Bolsa-da ynandyrdym öýdýän” diýip, içini gepledýär.

Wagt geçýär. Baý dünýeden ötüp, ogly bolsa onuň ornuny eýeleýär. Çopan bolsa garraýar we işini çoluga tabşyryp, obasyna dolanyp gelýär.

Günleriň birinde obada uly sadaka berilýär. Duz-tagam dadylandan soň, doga-dilegi obanyň köp ýaşan, köp kynçylyklary gören, çeken zähmetinden rehnet tapan ýaşulusyna okatmaly diýen netijä gelinýär. Seredip görseler ýaş hasaby, zähmeti, abraýy boýunça goja çopandan öňe düşen bolmandyr. Onuň hakyky ady Artyk aga bolsa-da, köp ýyllap mallaryň arasynda gezensoň hemmeler ony hormatlap, “Çopan aga” diýip ýüzlenerdiler.

Haçan-da, doga-dilegi okamak Çopan aga tabşyrylanda, şol öňki baý oglanjyk, häzir bolsa kakasynyň wezipesini ýerine ýetirýän obanyň baýy ýerinden turup, tumşugyny ýokary galdyryp: “Bu pikir bilen men ylalaşamok! Doga-dilegi ýeňiýoluk okasa, obamyzyň geljegi hem şoňa görä bolar” diýip, oturan märekä ýüzlenipdir.

Oturanlar näme diýip, näme aýtjaklaryny bilmändirler. Märekä birsalym ümsümlik aralaşýar. Çopan aga ömür sesini çykarman, öz zähmeti bilen gümra bolup ýören ýuwaş adam bolsa-da, bu gezek ýüzüni ýerden galdyrman, baýa şeýle jogap berýär: “Oglum, menden näme ýamanlyk gördüň? Ömrümiň köp bölegini siziň malyňyzy bakyp geçirdim. Galyberse-de, men seni ölümden halas etdim ahyry” diýýär. “Görüň-le muny, haçan sen meni ölümden halas etdiň?! Bu adam ýalançy hem eken. Nädip saňa kakam pahyr goýunlaryny ynandyka?” diýip, baý ogly göwnüýetmezçilikli gülküsi bilen sözüni tamamlaýar.

Adamlar şol dymyşyp oturyşlaryna, bu wakanyň anygyna ýetmek üçin, bilesigeliji gözler bilen Çopan aga seredýärdiler. Ýaşuly hem näme etjegini bilmän, birsalym pikire batýar. Şol wagt baý ogly ümsümligi bozup:

— Görýäňizmi, näme jogap berjegini bilmän, dilini ýuwdan ýaly bolup otyr. Şonuň üçin hem bu ýalança doga-dileg etdirseňiz, men bu ýerden turup gitjek — diýip, sesini batlandyrýar.

Çopan aga oturan ýerinden ýene ýumşaklyk bilen: “Oglum, aýtjak däldim welin, bu ýaşdan soň adamlaryň arasynda biabraý bolmaýyn diýýän. Ýadyňa düşýän bolsa oglan wagtyň: “Meni ýylan çakdy” diýip aljyranyňda, men: “Seni ýylan däl-de, ary çakdy” diýip seni ynandyrypdym. Şonda seni ary däl-de, hakykatdanam, ýylan çakypdy” diýipdir. Şol wagt baý näme diýjegini bilmän, bir agaryp, bir-de gyzaryp, özünden gidip ýykylýar. Adamlar nämäniň nämedigine düşünmän, aňk-taňk bolýarlar. Şonda Çopan aga ýerinden turup, oturan märekä ýüzlenýär: “Günämi öteweriň, adamlar! Men bir günä iş etdim. Halas edenimi ýatladanymdan soň, şol çakan ýylanyň zäheri endamyna ýaýrap ugrady öýdýän” diýip, gözüne ýaş aýlap, köpçülikden çykyp gidýär. Baý ogly hem birsalymdan jan berýär.

Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW,
Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 15.08.2024

Tmpedagog