07.08.2024 Döredijilik35 .

Jöwzaly tomus (Oýlanma)


Tebigat şeýle bir dymýardy welin, hatda bu ümsümligi bozmaga şemalam milt edip bilmedi. Göýä külli barlyk lal-jim bolup, böwrüni diňleýäne çalym edýärdi. Şeýle ýagdaýda älemiň kalby munda mümkin bolmajak zadyň ýokdugyny süňňi bilen syzýardy.

Al-asmanda ýalbyrap duran Günüň ýakyp-ýandyryp barýandygyna garamazdan, tebigat misli oduň üstünde duran göweje meňzäp, durky bilen altyna öwrüläýsem diýýär. Mydama ýagyrnysy derläp duran mele toprak özüniň çydamlylygy bilen gaýratlylygyň simwolyna öwrülip: «Menden görelde alsaňyz, üstüňizden döwran sowulmaz» diýýäne çalym edýärdi. «Zähmet», «gaýrat», «taplanmak» ýaly jümleler tomsuň kalbyna hoş ýakýan sözler bolup, özüniň bu ýörelgesini ýylyň-ýylyna dynuwsyz gaýtalamaga ýaltanmaýardy. Şeýdibem, ol tebigaty tijenmäge mejbur etdi. Eger tomus şeýle talapkär bolmasa, älemde özgerişligiň pajarlamajakdygyny külli barlygyň ýürejigi syzyp durdy.

«Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýlensoň, epgekden egbarlan-da bolsa, ene ýeriň ýüzünde birjik-de gussa alamaty duýlanokdy. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, tomsuň şaglap gelen öýlänçisi sähel salymda topragy suw-sil edäýdi. Ýeriň ýygyrt atan maňlaýyndan syrygýan ýagyş damjalary gojaman tebigata «arma» diýýän ýalydy. Tebigat duýdansyz gelen ýagyş bilen munda hemme zadyň mümkindigini yşarat edýärdi. Yhlasyň yrýa boljak gümany ýok, esasy zat, ruhdan düşmän, işlemegi dowam etmeli. Şonda rehmet nuruna gowuşjakdygyňa şek-şübhe bolup bilmez.

Tomsuna günortanyň yssysynda janly-jemendäniň aýagy köçeden çekilýärdi. Günüň hanjar kibi tyglary gyzgyna geleňsizlik edýänler bilen ýowuz çemeleşýärdi. Depäňi deşip barýan yssy kiparlap ugranda janyna jaý tapman ýören janawarlara hem rahatlyk aralaşany mese-mälim duýulýardy.

Der inip, endamy ýumşan ýodalar zähmetkeşiň ýagyrnysyna meňzeýärdi. Tomus iş bilen şeýle bir gümrady welin, dünýäni unudyp, hars urýardy. Ol bir ýerde durmazlygy özüne maksat edinen borly. Şol maksadynyň hatyrasy üçin epgege-ýalna dözümli bolup, janypkeşlik bilen zähmet çekişini göreniňde, hiç bir zadyň onuň ýoluna böwet bolup bilmejekdigini aňmak mümkindi.

Tomsuň bedenini zähmet bilen taplaýşy poladyň otda taplanyşyny ýadyňa salýardy. Şeýdibem, tomus özgerişligiň gizlin syryna aralaşmagy başardy. Ol özüni özgertmek arkaly dünýäni özgerdip boljakdygyna has aýdyň göz ýetirdi. Şu hem tomsuň eden iň beýik açyşydy.

Süleýman HANGELDIÝEW,
Gyzylarbat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 06.08.2024

Tmpedagog