07.08.2024 Döredijilik45 .

Göreldelik hakynda


Bilseň, dost, Kerem atly,
Bir oglanjyk bar eken.
Akylly hem edepli,
Her bir işde zor eken.

Her gün irden mekdebe,
Öz wagtynda barýar ol.
Derslerinde mydama,
Bäşlik baha alýar ol.

Kitaplarny aýawly,
Arassaja saklaýar.
Zibil görse bir ýerde,
Zibil guta oklaýar.

Hemmämiziň borjumyz,
Parhy ýok uly-kiçi.
Senem Keremjik ýaly,
Bol göreldeli kişi.

Ýazgeldi GYLYÇDURDYÝEW,
Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, №8 - 2024

Tmpedagog