02.08.2024 Döredijilik48 .

Uz jemally uýam bar... (Şahyrana oýlanma)


Çagalyk ýyllarymyň ýyndamlygy uçup barýan durnalaryň tizliginden zyýada eken. Ýap-ýaňydy, elimize gurjaklarymyzy alyp, saçlaryny örüp, galpagymyzy galgadyp, enemiň gujagyna “Kim öňürti barmaşak” diýip, oýnap ýörenimiz. Eýýäm wagt bizi il idegli, bagt badalgaly uly gyz edäýen eken.

Göwnüme göwündeş uýam! Meniň hemişe saňa öýkünesim gelerdi. Seniň mähremligiňden, salyhatlylygyňdan, süýji söhbetleriňden doýma ýok maňa. Il arasyndaky “Uz jemally uýam bar, dag gaýasy saýam bar” diýen aýtgy hem ýöne ýerden dörän däldir. Sen maňa elmydama saýa bolardyň.

Tüweleme, uýam! Seniň eliňden çykan islendik işiň kämilligi köplere nusgalyk. Köpçülikde özüňi alyp barşyň, ýeriň gaýmagyny bozman ýöreýşiň hemmeleri haýrana goýýar. Gara gözleriň gabak astyndan garan halaty Gün yşgyndan nurlanan dideleriň mähri ýüreklere ornaýar.

Her işde maňa görelde bolan mähriban uýam! Ömürlik ýaryňa duşanyňa, diýseň, begenýän, alnyň-bagtyň açyk bolsun! Her gezek toý bukjalaryňy taýýarlaşmaga baranymda, hamana sen menden daşlaşyp barýan ýaly hopugyberýän. Ýa-da seniň mähriňi özgeler bilen paýlaşmakdan gorkaýýarmykam?! Saňa kalbymda süýji arzuwlar umman kimin joşup dur.

Hawa, uýam. Men saňa näçe arzuw etsem az ýaly. Binýadyny berkden tutan bagtly ojagyňda hemişe söýginiň közi köresin! Abraýyň, bagtyň belent bolsun, mähriban uýam! Nesliňiz döwletli dowamata rowan bolsun! Ogullaryňyz serkerde kakasyna, gyzlaryňyz bolsa gülden görkli ejesine meňzesin!

Bagtyny tapan bagtly gyzlaryň ählisiniň gyz jigileriniň dilegleri hasyl bolsun!

Bibihatyja POPYÝEWA.
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 01.08.2024

Tmpedagog