31.07.2024 Döredijilik335 .

Terbiýe mekdebi (Hekaýa)


Bu waka tomusky dynç alyş möwsüminde bolup geçdi. Myrat her tomusda şäherden atasynyň ýanyna oba gelerdi. Özi hem hut atasynyň ýanyna gelse, onuň yzyndan galmazdy. Edil ulaldylyp kiçeldilen ýalydyr. Atasynyň çaý içişini, kitap okaýşyny, hereketlerini gaýtalardy. Esen aga agtygynyň özüne meňzejek bolup ýörşi ýaraýardy. Şonuň üçin hem ol agtygyny «köşegim» diýip söýgülärdi. Bu sözi Myrat ilkiler geň görerdi. Hawa-da, şäherde köşek ýok, düýe ýok. Onsoň bu söz şäherde beýle kän aýdylmaýardy, kitapda okaýmasa. Bir gün ol bu sözüň manysyny düşündirmegi enesinden sorady:

— Ene, sen atama aýtma, meň bir zat bilesim gelýär. Ynha, atam maňa «köşek» diýip ýüzlenýär. Atam meň adymyň Myratdygyny unudýamy, nämemi.

— Wah, balam! — diýip, enesi güldi — Ataň seni gowy görüp, ezizläp «köşek» diýýär. Ine, biziň ak maýamyzyň köşejigini gör, enaýy, owadanja. Obada gowy gören çagalaryňa «köşek» diýilmesi bardyr, balam — diýip, enesi düşündirdi.

Ine, şondan soň Myrat atasynyň aýdýan sözlerine üns berip başlady. Asyl atasy nakyllary, goşgulary köp dile getirýärdi, Magtymgulynyň şygyrlaryndan mysallary aýdýardy. Indi bu sözler Myrat üçinem gyzykly bolup başlady. Ol atasynyň sözlerini, aýdýan nakyllaryny sapakdaky ýaly depderine ýazyp alasy geldi. Sebäbi bu onuň üçin gyzyklydy hemem manylydy, labyzly ýaňlanýardy. Atasy bu nakyllary haýsy kitapdan okadyka?! Myrat mekdepde edebiýat sapaklarynda halk döredijiligini, nakyllary geçýärdi. Ýöne atasynyň aýdýan sözleri has gadymy bolsa gerek.

Bir gün Esen agalaryň ýatagynda göle boşandy. Ýaşajyk, heniz ýatakdan çykyp görmedik göle o ýan, bu ýan ylgap başlady. Wah, bu göläni atasyna tutmak kyn düşjekdi. Onda-da ot-iým bilen göläni ýataga kowjak boldy, emma bolmady. Muny synlap duran Myrat hem göläni tutmaga taýýarlandy. Gölejik ot-iýmiň ýanyna gelip otlap başlady. Ine, şonda Myrat dessin göläniň ýüpünden tutup, derrew ýataga tarap çekip başlady. Göle Myrada eýgertmezdi welin, atasy hem gelip ýetişdi. Atasy bilen göläni ýataga bagladylar.

Bu wakadan soň Esen aga agtygyna guwanmak guwandy:

— Sen asyl şäherden gezmäge gelseň hem, obanyň işine öwrenişip gidipsiň. Tüweleme, şeýdip ýaşlykdan işe bişişseň, ýagşy bolar. Her bir iş hünärdir, köşegim. Magtymguly atamyz aýdypdyr: «Ulalanda iş hoş ýakmaz, ýaşlykda köýmän ýigide» diýip. Şeýdip, ýaşlykda iş öwrenseň, ulalaňda kämil çykarsyň.

Atasynyň bu sözleri Myrady has-da gyzyklandyrdy. Şahyryň bu parasatly sözlerini depderine belläsi geldi. Asyl, Myrat şeýle hem etdi. Ol howludan öýe girdi, torbasyndan bir depder bilen galam alyp, atasynyň ýanyna ylgap geldi. Atasy bolsa agtygynyň bu häsiýetine geň galmak bilen, goşgyny depderine ýazdyrdy. Atalar — terbiýe mekdebi. Geljek ýyl tomusda hem Myrat oba geler, atasynyň ýanynda bolar.

Nurjemal TÖRÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
66-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 31.07.2024

Tmpedagog