18.07.2024 Döredijilik58 .

Ýekeperi


Tomsuň jöwzasynda seleň saýasy, salkyn şemaly hezil berýän köne gala barman, taýagatym beýle-de çertek dikdik. Harabanyň kölegesinde şemallaýan geçilere gözüm gidip oturşyma Aran çopandan näme üçin harabanyň kölegesine barmadygymyzy soradym. Ol dil açdy:

— Haraba: “Ýüz ýyl durmalam bolsam, saýamda ýatany basyp, şu gün ýykylaýyn” diýermiş. Onsoňam, köne haraba ýylan-içýanyň mesgenidir. Galyberse-de, köne galalar “eýeli” bolarmyş. Bu galanyň eýesem ýeke perimiş...

Gürrüňi süýjetmek üçinmi, ýa aýtjak zadyny ýadyna salmak üçinmi, dyman çopana serkeç ýapylan mis tüňçäni uzatdym.

— Ata-babasynyň mähri siňen mekanyna howp abansa, türkmen aganyň gyz-gelinlerem ata çykyberýär ekeni.

Bir sapar daňdanlar duýdansyz daşyny aldyryp, galada galanlar gaty aljyrapdyrlar. Ýörişe giden hökümdar ähli nökerlerini äkidensoň, ýek-tük habarçy çapar bolaýmasa, galada erkek göbekli galmandyr. Galanyň öňündäki takyr alada: “Är küýseýän! Alp gerek! Çykyň merdiň meýdanyna!” diýip, galkanyna gylyç bilen urýan duşmanyň döwpisint pälwanyna garşy çykarara adam bolmansoň, galalylar dymmaly bolýarlar. Ýöne hökümdaryň seýislenýän atyny segredip çykan sowutly, ýüzi nikaply söweşiji birsellem gylyjyny oýnadyp, okkessirme geçip, tozan turuzýar. Ol okýeter aralykdan ilki duşmanyň atyny, soň özüni, ýaýlap ýaralaýar. Galkanyna bukulyp çykan ikinji duşmanyna sagdagyndaky bar okuny atsa-da, zeper ýetirip bilmänsoň, at üstünde oýun görkezip duşmana topulýar. Duşman atlysyny döşi bilen kakyp, gapyp hem depip aljyradan aty bilen ýeňiş gazanan söweşiji gala dolanýar. Ýekme-ýek söweşde pälwany ýeňlen duşman leşgerleri yza dönmäge derek arlaşyp gala topulýarlar. Ýöne gala giren duşmanlar boş öýleri görüp geň galýarlar. Erkgaladaky köşkde welin, az sanly ýerliler ykjam garşylyk görkezýärler. Habar bilen goňşy gala gidenler arany mazaly açýançalar duşmany güýmäp garşylyk görkezenler barha azalýar. Duşmanlar iň soňuna galan hälki ýüzi nikaplyny öldürensoňlar, onuň kellesini kesip, naýza sünçmek üçin tuwulgasyny sypyranlarynda, saçy düýrlenen peri ýaly gyza gözleri düşýär. “Galanyň diregi ýeke peri eken. Olam bize däl-de, ajala nesip etdi” diýip, ahmyr çekýän duşmanlar özlerini güýmäniň şa gyzy Mähekdigini soň bilýärler...

Soňlugy bilen bu galanyň öňki ady unudylyp, Ýeke periniň galasy bolup galyberýär. Ýekeperi gala, Ýekeper köşk atly ýadygärlikler diňe Marguşda däl, eýsem, Baýramaly, Wekilbazar etraplarynda hem bar. Depesinde ýeke ganatyň, ýeke periň ýykylman durany üçinem Ýekeper diýilýän bolmagy mümkin diýen çaklama-da bar...

...Gürrüň sabaşansoň, galadaky gögerçinlere gözüm düşdi. Öz dillerinde mygyrdaşyp bir zatlar diýýän gögerçinleriň içindäki ýekeje ak kepderi, göýä Soltan Sanjaryň kepderä öwrülen ýeke perisi ýaly gür-gür silkinip, bize garaja gözüniň gytagy bilen garap: “Perileriň gadyryny biliň” diýýän ýalydy.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti. 18.07.2024

Tmpedagog