18.07.2024 Döredijilik41 .

Ene mukaddesligi — terbiýe mekdebi


Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny, türkmen ojagynyň ýylysy, mähir eýesi hasaplanýan enäniň nusgalyk häsiýetleri mukaddeslik bolup kalplara ornandyr.

Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, biziň ýurdumyzda eneleriň sarpasy döwlet derejesinde belentde goýulýar. Enelere nesil terbiýesiniň berk söýesi hökmünde garalýar.

Hormatly Prezidentimiz: “Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr” diýýär. Ine, şundan hem Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kemala gelmeginde nähili uly hyzmatlary bitirendigi düşnüklidir. Ol öz halkynyň bu günki bagtly durmuşyna ýagşy arzuw-dileglerini, yhlasyny, umyt-arzuwlaryny siňdiren enedir.

Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş etdi, watansöýjüligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, maşgala mukaddesliginiň, wepadarlygyň, milli gymmatlyklara söýginiň belent nusgasyny görkezdi. Onuň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda enäniň mukaddesligi, Watan öý-ojak, maşgala, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär.

Perzent adamyň iň uly baýlygy, goralmaly iň uly hazynasy. Bu barada halk arasynda şeýle bir meşhur rowaýat aýdylýar.

...Gadym eýýamda bir gelin ýurtda sylagly dananyň ýanyna baryp:

— Bu şäherde menden garyp adam ýok! Maňa kömek ediň?! - diýipdir. Goja gelniň gujagyndaky bäbejigiň alma ýaly ýaňaklaryndan, ogşap:

— Diýmek, garyplykdan zeýrenýärsiň-dä! Eger saňa kömek etmegimi isleýän bolsaň, çagaň birje barmagyny satmaly bolarsyň — diýýär.

Gelin ilki gojanyň akyly çaşandyr öýdüpdir. Soňra-da: “Oýun edýändir-le” diýip, pikir edipdir. Emma gojanyň gara çynymyşyn. Ol gelniň öňüne bir halta altyny süýşürip:

— Aýajygynyň barmajyklaryndan bolsa-da, men razy! Hekimlikden başym çykýar, çaga ezýet bermezden, alaryn — diýipdir.

Gelin durky bilen galpyldap durka, goja:

— Diňe dyrnajygyny sogrup alsam-da bolýar, gorkma, wagty geler, ýerine täzeje dyrnak çykar — diýipdir.

Gelin inini tikenekledýän bu teklipleri mundan artyk eşitmäge çydam edip bilmändir. Gapyny şarkyldadyp ýapyp, çykyp barýarka, goja:

— Gyzym, hany aýak çek-ä, “Men — garyp” diýip nalaýarsyň, men saňa nähili uly baýlyga eýedigiňi görkezmek isledim. Görýäňmi, gujagyňdaky hazynanyň ýekeje dyrnagyny hem bir halta altyna çalyşmadyň. Sen dünýäniň iň uly baýlygyna eýesiň, gyzym. Munuň üçin nalamagyň ýerine şükür etmegiň gerekdir — diýipdir...

Hawa, ene çagasyny jany-teni bilen eý görýän, nähili çykgynsyz ýagdaý bolanda-da çagasyny gözüniň göreji deý goraýan üýtgeşik, beýik ynsandyr.

Çaga terbiýesi barada gürrüň edilende, maşgalada berilýän terbiýe barada-da ýörite aýtmak zerur. Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda käbesi Ogulabat ejäniň we kyblasy Mälikguly aganyň öz çagalaryna beren terbiýesiniň özboluşlylygy, ahlak, edep, ruhy gymmatlyklary, maşgala ynanjy, maşgala agzalarynyň biri-birine bolan sylag-hormaty giňişleýin suratlandyrylýar. Enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmak ýaly häsiýetler türkmene mahsus ýörelgeleriň ynanja öwrülip, maşgalanyň özeni, esasy bolup durýandygy baradaky maglumatlar eserde çuňňur teswirlenýär.

Ata Watanymyzda ýaş nesle terbiýe bermek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir”.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar üçin edilýän aladalar özüniň ýokary netijelerini görkezýär. Bu bolsa nurana enelerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Edebinde edaly, girim-çykymynda nusgalyk türkmen gelin-gyzlarymyzyň, enelerimiziň eziz Diýarymyzda hormat-sarpasy hem edil şonuň ýaly üýtgeşikdir. Enelere bolan çäksiz hormat-sylagyň nyşany hökmünde ýurdumyzda 8-nji Mart baýramy gözelligiň, näzikligiň, nusgalyk ahlagyň, tükenmez ene mähribanlygynyň baýramy bolup, her ýyl uludan bellenilýär. Ýurdumyzda ýaş çagaly eneler, köpçagaly maşgalalar döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw-aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Eneleriň çensiz-çäksiz yhlasynyň, täze ömre başlangyç bermek hukugynyň, hakyky kerem- -keramatynyň hem irginsiz yhlasynyň nyşany hökmünde Türkmenistanda “Ene mähri” diýen hormatly at, “Zenan kalby” ordeni döredildi. Häzirki döwürde mähriban Watanymyzyň perişde ýaly eneleriniň, öýünde-maşgalasynda, önümçilikde hem jemgyýetçilik işinde hemmelere görelde bolmagy başarýan baýdak ýaly türkmen zenanlarynyň uly topary şeýle hormatly adyň we döwlet sylagynyň eýeleridir.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Nesil terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar.

Bizi baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ejegül ATABAÝEWA.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 18.07.2024

Tmpedagog