18.07.2024 Döredijilik59 .

Tejribe depderi (Hekaýa)


Meniň mekdebe gelen ilkinji günümden bäri bar aladam tejribe edinmek boldy. Bu pikiri aňyma salan hem Çary mugallymdy.

— Inim, işe başladyňmy? Şowly bolsun! Çynyň bilen işle, tejribe edin! Işiň ýarysy tejribä baglydyr.

Ol gözüni bir nokada dikip, aňynda bir zady ýatlajak bolýan ýaly maňlaýyny bürüşdirdi, yzyndan birgeňsi ýylgyrdy-da:

— Saňa şol barada bir gürrüňem aýdyp bereýin-le — diýip, bir hekaýaty gürrüň bermäge başlady.

— Sen ýaly biri birnäçe ýyl ylym öwrenipdir. Onsoň bir gün mürşidine garap:

— Ussadym, men indi gidibersem nädýär. Ylym deňzinde özbaşyma-da ýüzüp görsem — diýip soran. Mürşit:

— Müritleriň içinde iň ylymlysy sen, gowy bilim aldyň, ýöne saňa durmuş dersi gerek — diýip, biraz ikirjiňlenipdir.

— Ussadym, ony durmuşdan öwrenerin — diýip, mürit gaýdarman bolupdyr.
Ussat:

— Sen entek ýaş. Sen men-menlik edip, ol hem seni heläk edäýmesin. Biz-ä näme, gelene «gel» diýýäris, «git» diýemzok. Gelene gapymyzy, ynansagam kalbymyzy açýarys. Giden dostlarymyza-da «ýoluň ak bolsun!» diýýäris — diýip, oňa ýene duýdurypdyr. Onda-da ýaňky oglan gaýdypdyr. Uzak ýol, kerwenli gaýdylýan döwür. Oglan bir oba myhman bolupdyr. Obada bir sadaka barypdyr. Nahar iýlipdir. Yzyndan molla öten-geçenlere doga edipdir. Ýaş oglan mollanyň örän nädogry aýdýandygyny duýup, ony utandyrmak isläpdir. Mollanyň muňa gahary gelip:

— Adamlar, oglana bir sapak berip ugradyp goýberiň — diýip tabşyrypdyr. Obanyň ýaş-ýeleňleri ony utandyryp, ýola salypdyrlar. Oglan: «Ussadyň diýýän dersi şu bolmaly» diýip, oýa batypdyr we yzyna dolanypdyr. Ýene bir ýyl okapdyr. Ussadyň özi oňa ak pata berip, ýola salypdyr.

Çary mugallym ýüzüme seredip durdy-da:

— Nazaryýeti öwrenmeli, ýöne durmuşam öwrenmeli. Ine, sen... Ýanyňda Myrat mugallym okadýar, öwreniber şondan — diýdi-de, öz synpyna tarap ýöräp gidiberdi.

Çary mugallym näme üçin Myrat mugallymy salgy berdikä, onuň näme aýratynlygy barka?! Hakykatdanam, onda bir aýratynlyk bardy. Şol aýratynlygy welin, belli bir söz bilen aýtmak kyndy. Dogry, ol belli iňlis dili mugallymy hasaplanýardy. Ýöne bu onuň esasy aýratynlygy däldi. Onuň esasy aýratynlygy okadýan okuwçylaryny diňletmegi, özüne çekmegi, ynanyp bolmajak derejede ümsüm, akylly oturtmagy başarmagydy. Ony öwrenmegim meniň näçe ýylymy aldy. Men onuň sapaklaryna köp gatnaşardym. Sapagara gatnaşyk depderine-de ýeke-ýeke bellärdim. Onuň okadýan synpy ikinji gatda iň çetdedi, meniň synpymam onuň ýanyndady. Ýöne onuň okuwçylara täsir edişiniň syryny welin öwrenip bilemokdym. Ahyry, kelläme bir pikir geldi. Bu barlagyma onuň okadýan we ýolbaşçylyk edýän synpyny hem çekdim. Olary menem himiýa dersinden okadýardym. Sapagymy gutarmagyma az wagt galanda olardan:

— Size bir sorag bar. Näme üçin Myrat mugallymy aşa sylaýarsyňyz? — diýip soradym. Okuwçylar ilki maňa, soňam, biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler:

— Bilmedik biz-ä — diýip, asla beýle pikir etmändiklerini duýdurdylar. Men:

— Bilesiňiz gelenokmy? — diýenimden, ählisi:

— Bilesimiz gelýär — diýip bir adam ýaly seslendiler.

— Bilesiňiz gelse, her kim öz garaýşyny aýtsyn — diýdim. Onsoň olar öz pikirlerini aýtmaga başladylar:

— Gowy.

— Sapagyny gowy geçýär.

— Gowy görýäs.

Men dymyp oturyşyma jogaplardan kanagatlanmaýanymy duýdurdym.
Soňam:

— Berlen jogaplar özüňizi kanagatlandyrýarmy? — diýip soradym.
Olar:

— Ýok — diýip, ýene pikire batdylar. Öňki partada oturan Maral:

— Özünden sorasak bolmazmy? — diýip sorady. Men:

— Sorap bilermiň? — diýenimden:

— Menmi? Aý, ýok, başarman — diýip oýa batdy. Özüniň ýüzüni almajagyny kellesinde aýlady. Birdenem, ýüzüni galdyrdy-da:

— Häzir sapagynda soraýaryn — diýip, barymyzy arkaýynlaşdyrdy. Bu soragy Maralyň berip biljegine ählimizem ynanýardyk. Sebäbi Myrat mugallymyň özem onuň zehinine, özüni alyp barşyna uly hormat goýýardy.

Meniň sapagymdan çykyp, okuwçylar Myrat mugallymyň sapagyna girdiler. Menem boş sagatlygyndan peýdalanyp, onuň okadýan synpyna girdim-de, iň yzky parta geçip, sapaga gatnaşyk depderimi açdym. Myrat mugallym öňki endigi boýunça berlen ýumuşlary iňlis dilinde soraşdyrdy, ýazmaça beren ýumuşlaryny barlaşdyrdy, täze geçmeli sapagyny geçilen tema sepledi-de, okuwçylara ýumuş berdi. Ýöne Maraldan bolsa ses çykanokdy, beýleki okuwçylar töwerekden:

— Maral, wagt azalýar — diýip, ýuwaşja seslenip başladylar. Maral bu seslere arkalandy-da, kellesini parta tarap ýuwaşja egdi-de:

— Mugallym, hemmämiziň size bir sorag beresimiz gelýär — diýip, ýuwaşja seslendi. Myrat mugallymam edil Maralyň soraýşy ýaly:

— Sora — diýip, pyşyrdaýan ýaly edip aýtdy. Mugallymyň oýun edýänini aňyp, oturan okuwçylar arkaýynlyk bilen ýylgyryşdylar. Maral:

— Siziň sapagyňyzda näme üçin hemme okuwçy adatdan daşary ýuwaş oturýar. Hemmämiziň şony bilesimiz gelýär — diýip, garaşylýan soragy aýtdy. Myrat mugallym beýle soraga garaşmansoň, birbada näme diýjegini bilmedi. Özüne gönükdirilen soragly nazarlary görüp, esli wagt oýa çümüp oturdy. Birdenem ýerinden turdy-da:

— Onda, diňläň! — diýip, soragly nazaryny maňa gönükdirdi. Men başymy egdim, şonda-da: «Bu pikirler senden çykýar, düňderilip oturma-da diňle» diýýän ýalydy. — Hemme kişiniň isleýän zady bar. Birinjisi — sylanyşyk, ikinjisi — mertebe. Men şu iki zady berk tutýaryn. Ýene etmeli zatlar bar. Çynym bilen siziň aladaňyzy edýärin. «Şeýlemikä?!» diýmegiňizem mümkin. Ýaramadyk wagtyňyz ýanyňyzdakydan öňürti kim duýýar. Keýpiňiz ýok wagty: «Bu gün näme bolýar?» diýip kim soraýar.

Hemme okuwçy biragyzdan:

— Siz — diýip seslendiler.

— Men bolsam... Her kim özi barada alada edilenini isleýär. Bu aýratyn aladam siziň aýratyn sylagyňyza sebäp bolýar. Onsoň siziň aňyňyza «maksatly ýaşamak» düşünjesinem guýjak bolýan. Şu zatlar ýeterlik bolmazmy?! — diýip, Myrat mugallym ýerine geçip oturmakçy boldy. Maral bir zatlar pikir etdimi-nämemi:

— Bizem goşsak bolýarmy? — diýip sorady. Myrat mugallym:

— Elbetde — diýip seslendi. Maral:

— Mugallym bizem pikir etdik. Siz tutanýerli, ruhubelent, tebigy — diýdi. Myrat mugallym ýylgyrdy-da:

— Mundan aňyrda näme galyp biler. Indi mekdebi gutaryp, durmuşa arkaýyn başlap bilersiňiz — diýenden, okuwçylar ýylgyryşyp, zatlaryny ýygnamaga başladylar. Sebäbi jaň kakylypdy.

Merdan ÇARYMUHAMEDOW,
Tejen etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.07.2024

Tmpedagog