09.07.2024 Döredijilik269 .

Döredijilik dünýäsi


Düşnüksiz ahwal

Indi maňa o duýgy ýat,
Ýogsam, yşk bilen bakýan kän.
Seň bilen gitdimi bar zat?!
Bardy arzuwlam ullakan!

Hany, seniň ygrar, wepaň,
Nirde galdy şat gülkülem?
Ýol ýasaýar saňa bakan
Hyýalda «sorag», «belkiler!».

Yzsyz gitdiň, ýöne yşgyň
Aýak yzlary ýitmedi.
Ýitse-de gözümden keşbiň,
Kalp ýaram neden bitmedi?!

Adyň galdy çuň gursakda,
Ylhamymmydyň kememez?
Ýazaý diýsem şu pursatda,
Senli günlerde ýazylan
Şygyrlaryma meňzemez.

Alysa uçan bagt durnam,
Aýt, kaýlarda perwaz urmuş?!
Haçan ykbala ýaz ornar,
Bizden sowulmazmy bu gyş?

Ýazylmazmy ak kagyza,
Unutdyryp jebirlerin?!
Yşk-söýgi hakda päkize,
Kämil, täze şygyrlarym!

Bardy arzuwlam ullakan,
Seň bilen gitdimi bar zat?!
Ýogsam, yşk bilen bakýan kän,
Indi neçüýn o duýgy ýat?!

***

Salgym bolup gitdiň sen!

Saňa ýetjek bolup kän ymtyldym men,
Ýetdirmediň, salgym bolup gitdiň sen.
Öwrüldiň elýetmez arzuwyma meň,
Söýgiň oýunmydy?
Ahyr utduň sen!

Senli arzuw bilen ýetdim köp zada,
Gideňsoň, köp zada akyl ýetirdim.
Yhlaslarym meni eltdi myrada,
Saňa eltýän ýoly welin ýitirdim.

Garaşmagam bagt saýyp garaşdym,
Dolanarsyň öýdüp, duşarsyň öýdüp.
Ýyndam ýyllar bilen kemsiz göreşdim,
Aýt, biz bir-biregi näm üçin söýdük?!

Ýa ýanmak üçinmi hijran oduna,
Ýa ýazmak üçinmi aýralyk hakda?
Bagtsyz soňlanjagy kimiň ýadyna
düşdükä şo çakda?!

Bu duýgyny duýmansoň her kim bilen,
Başgasynda eglenmänsoň nazarym,
Sen maňa dünýädiň ba:r durkuň bilen,
Seniň bolsa däldirem bu azaryň?!

Neçüýn aralaşdyň şonda kalbyma,
Başarmasaň söýüp soňuna çenli?!
Şol gidişiň, öwrülipler salgyma,
Bilesim gelýäni —
Bagtlymyň indi?



***

Toý habaryňdan soň

Gelip, seniň toý habaryň
Sünjüldi kalba ok bolup.
On sekiz ýyllyk arzuwym,
Gitdi bir demde ýok bolup.

Neneň dözdüň beýle hala,
Näme ýazygym bar meniň?
Oturjakdyň-la ýanymda,
Bileje toý eden günüm!

Saňa bagt diläýinmi, ýar?!
Emmaki tapmadym mydar.
Sensizlige çydam etmek,
Asla aklyma sygmaýar!

Ynanasym gelmese-de,
Alaç ne, almaly boýun.
Özge ýara nesip etdi,
Bezemeklik törün öýüň!

Bu gün kalbyma köz bolup,
Armanym galdy ýatla:ra.
Öň ýakynym saýdym seni,
Indem öwrüldik ýatlara!



Mähri SAPARMEDOWA,
Boldumsaz etrabyndaky 69-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 08.07.2024

Tmpedagog