03.07.2024 Döredijilik59 .

Köňlüm, saňa nesihat (Kämillige tarap)


Köňül küýsegine tükenme, arzuwyna ýetme ýok. Köňül sarç bedew deý çarpaýa galýar, göýä asmanyň Aýyna tebil kakýar. Oňa niçik baş öwredip bolar? Haçan köňül karar tapar jem bolup? Men Jygalybegi gözläp çar ýana bakýan. Goja seýis — ussat terbiýeçi nirede? Meniň bir bedew atym — däli göwnüm bar. Köňül ussat seýsiň nesihatyny küýseýär.

Eý, köňlüm, saňa nesihatym şudur: adam bolup dünýä gelensiň, adamlyk mertebäňe hem mynasyp bolup ýaşa! Öňi bilen, özüňi tana! Sen özgeler ýaly dälsiň. Bir zada düşün, seniň ýaşaýyş ýoluň başgalara meňzänok, bu durmuşda seniň öz ornuň, öz ýoluň bar. «Hemmeler hem şeýdýär» diýip, öz haýryňa çapyp akmaklyk etme, sen hemmeler däl! Başgalar bol-telki ýaşaýyş üçin her hili işe baş goşýar, emma sen bal günüňe batmak isläňok. Her kim mal-mülk toplap, ýagy-ýesir, sen welin eliňe düşenini ile paýlap gutarýaň. Adam oglunyň her haýsy bir işe gümra: gün-güzeran, ogul-gyz, maşgala, ilen-çalan, sen bolsa başga dünýäde. Kämil bir köýde — «Akmak sürer dünýäni, akyl onuň haýrany»; özüňi özgeler üçin has köp öňe tutýaň; özüň gürlemän, özgeleri diňleýäň; özüňe dözýäň, özgelere dözmeýäň. Ýeri, sen bu durmuşdan niçik many gözleýäň?!

Özgelere baha bermezden öň özüňi düzle. Daş-töweregiň saňa bolan garaýşy seniň öz-özüňe bolan gatnaşygyňdan gözbaş alýar. Özüňi özüň sylamasaň, başgalardan sylaga garaşma! Özüň özüňe ynanmasaň, kim saňa ynanar? Özüň özüňe düşünip bilmeseň, saňa kim düşüner? Öz işine gümra bu köne jahanda hiç kim saňa düşünmez. Peder pendini unutma: «Meniň günüme düşüp görmedik adam ogly maňa düşünmez». Onuň beren bagty hemmeler üçin deňdir. Sen özüňe berlen bagtyň gadyryny bilip ýaşa! Berlen zat üçin borçlusyň. Köňül kämilligiň yşkyna düşüpdir. Bu ýola girmek aşyklaryň adaty. Köňle yşk salmak bilen Hudaý saňa syryny mälim etdi, bu ýerde ikinji, üçünji derejeli zatlara güýmenip ýörme! Öz borjuňy tizräk berjaý et!

Ýaşaýşyň ýoly ikidir: kim dünýäni depesinde göterer, kim dünýä ýük bolar. Seniň ýoluň bularyň birinjisidir. Dünýäniň derdini ýeňledip, oňa düşünip ýaşa! Ýaşaýşy, durmuşy söý! Ýaşaýyş — Allanyň söýgüsiniň suraty. Şol sebäpli durmuş gözel we kämildir.

Gudraty güýçli saňa ylham bilen yşarat eden bolsa, onda halka nesihat eýle, sözüň bilen adamlaryň kalbyna nur saç! «Öz ylmyň we nesihatyň bilen Hudaýyň mähribanlygyny habar ber» diýen buýrugy berjaý et. Adamlara altyn ýaşaýşyň güzerini görkez. Bu seniň üçin uly jogapkärçilikdir. Şundan gaýry zatlara köňül bermek ömür pursadyňy ardurja elden bermekdir. Jaý ýerinde — şu pursatda sözlemegi başar! Sözde başlangyç, sözde dowamat bardyr.

Sülgün HANGELDIÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 02.07.2024

Tmpedagog