22.01.2023 Döredijilik75 .

Merjen şäher Aşgabat


Nusgasy gözelligiň,
 Merjen şäher Aşgabat.
 Gujak açar geldigiň,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Göýäki bir erteki,
 Haýran edýär her kesi,
 Parahatlyk merkezi,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Ýaňlanar aýdymdyr saz,
 Näçe diňleseň-de az,
 Görki mydam bahar-ýaz,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Myhman bary gelip dur,
 Ýüz-gözleri gülüp dur,
 Durşy bilen ýalkym-nur,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Şanly günler baky ýar,
 Goýnunda il bagtyýar,
 Günbe-günden özgerýär,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Ak ýollaryň uzasyn,
 Dünýä ýüzün beze sen,
 Bürelensiň güle sen,
 Merjen şäher Aşgabat.

 Arkadagly Serdarym,
 Halka ýapýar serpaýyn,
 Ykbalym, bagt paýym,
 Merjen şäher Aşgabat.

Arazmuhammet Köşenow,
Türkmenbaşy etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 19.01.2023

Tmpedagog