27.06.2024 Döredijilik309 .

Pilli söweş (Rowaýat)


“Derýa boýuny syryp äpet goşun gelýärmiş. Öňdäkiler torç edensoň yzdaky atlara ot ýetenokmyş. lň aýylganjy, dört sany alaň ýaly pil diýen söweşiji mahlugy hem barmyş. Baran ýeriniň galasyny gum-kesek, ilatyny gul edip sürýän duşmanda rehim-şepagat ýokmuş...”.

Ötegçi bezirgendir terkidünýä derwüşlerden eşidilýän bu habar Marguşa dow salýar. Köpigören gojalardyr söweş tejribesi ýetik batyrlar galanyň öňündäki takyrda agşamoda — maslahata üýşseler-de, belli bir karara gelinmeýär. San taýdan agdyk, söweş enjamy gurat duşmanyň öňüne ýaý-gylyçly, naýza-gürzüli gerçekleri goýmak “Gözsüz batyrlyk — bagtyňy ýatyrlyk” boljak.

Daňa golaý Alladan goldaw-yşarat islän il serdary Inerçökeren berke çykýar. Aňňat-aňňat guba çägäni guwanç bilen synlaýan serdaryň özüne tarap togarlanyşyp, berkiň dikine dyrmaşyp gelýän bäş sany goýun kirpisine gözi düşýär. Berkiň ortasyna ýeten kirpiler orta ýolda çäge süýşüp, aşak togalanyp, ýüzugra bir-birini basalap başagaý bolýarlar. Bu ýagdaýdan yşarat gören serdaryň ýüzi ýagtylyp pyşyrdaýar: “Pyşbagasy peläket, gurbagasy gudrat. Kepjebaşy kesapat, kirpisi keramat Garaguma döneýin”.

Söweşden öň goşa berkiň orta biline çenli “ýol ýasan” gumlular gözýetmez takyryň o başyndan bärligine öý ýaly ojar üýşürip, ýaýraň gelýän duşman goşunyny çugdamlanyp gelmäge mejbur edýärler. Bala- çagalary tümdäki guýa göçüren marguşlylar duşmanyň tozany görnenden berkiň üstünde söweş ýasawyna girýär. Pil görmedik gumlular: “Düýeden uly pil bar” diýleni çyn eken” diýip bir howpurganda, serdar: “Pilden uly çöl bar. Çöl pili demine sorar. Erkin durmuş, ata Watan üçin gara başy orta goýalyň, oglanlar. Öz aýagy bilen gelen duşmanyň birinem sypdyrmalyň” diýip, ýigitleriň söweş ruhuny göterip goýberýär.

Berkden aýlanmak üçin iki gyra bölünen duşman atlylary gürpbasda gaçyp tozan, goh-galmagal göge galýar. Pilli pyýadalar ýeke-täk ýasalan ýol bilen berke göni ýöreýärler. Akyp ýatan çägäniň orta gürpünde-de başagaýlyga düşýärler. Dyzanaklasa-da, depä çykyp bilmeýän piller süýşýän çäge bilen yzlygyna ýykylyp, aýylganç basa- -baslyk döredýärler. Pursatdan peýdalanyp ýag siňdirilen äpet ýumaklary otlap, aşak togalaýan gumlular ujy otlanan peýkamlaryny jala ýaly ýagdyrýarlar. Tüýi çirkizilen piller duşman goşunyny basgylap, weýran edýärler.

Günortana çenli galany basyp alaryn umydy bilen suwsuz gelen duşman gum içiniň epgeginde kelle sokara kölege tapman, teşnelik belasyna uçraýar. Ýeňlenini boýun alyp, aman diläp ýesir düşen duşman müňbaşylary ýarasyndan gan pürkülip dursa-da, ölerini bilmän göreşen gumlulary geň görmek bilen synlap: “San taýdan on esse az, ýönekeýje ýaý-gylyçly gabatelpek gumlulara Garagumuň Atmaýran alaňy bilen Inerçökeren berki kömek edip, epgegi ebtimizi agdyrdy. Gumda-da, gumlularda-da bir gizlin gudrat bar” diýip, serdarynyň daşyna agzybirlik bilen egele bolup duranlaryň öňünde çöke düşýärler...

...Aýdyşlaryna görä, goja taryhyň garry gasynlarynda äleme ýaň salan şol wakadan soň, pili bilen Garagumy kesip geçmäge milt edip bilen ýürekli duşman tapylmandyr.

Ogultäç ANNAÝEWA.
Baýramaly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 27.06.2024

Tmpedagog