27.06.2024 Döredijilik78 .

BUÝSANÇNAMA


Siz bilen belentdir Watanmyň Tugy,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!
Parahat durmuşyň ýok çeni-çägi,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!

Owazaňyz ýaýrap älem-jahana,
Ýurdumyz öwrüldi ajap toýhana,
Döwlet guşy gondy beýik zamana,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!

Dost-doganlyk ýolun çekip täzeden,
Ýüpek-mahmal kimin ýurdun gülleden,
Her günümiz baky bahar-ýaz eden,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!

II- ýurduň penalap ganatyň gerdiň,
Ençe ymaratlar, desgalar gurduň,
Garaşsyz, Bitarap ösendir ýurduň,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!

Sagdyn durmuş ýörelgesin ýöretdiň,
Ynsan saglygyny has zerur etdiň,
Ýüreklerde uly buýsanç döretdiň,
Ömrüň uzak bolsun, ýaşa, Arkadag!

Maral ANNAÝEWA.
Ýolöten etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň
ýokary hünär derejeli başlangyç synp mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 27.06.2024

Tmpedagog