27.06.2024 Döredijilik237 .

Saçak başyndaky edep


Mynasyp görülseň hödür-kereme,
Barybergin, töwerege garama.

Saçaklaryň bar şeýleräk arzuwy:
«Ýerbe-ýerlik bilen tämizlik gowy».

Saçagyň başynda saçyň daranma,
Töwerege ýalt-ýult edip garanma.

Çemçä däl, çörege el ýetir ilki,
Azdan döwüp almak gelşikli, belki.

Çöregi döwüp al iki el bilen,
Mukaddes çörege hormatyň şolam.

Iýilmedik tagam tabak düýbünde
Diýermişin: «Günä barmy, heý mende?»

Baryny iýmegi ýokuş görme sen,
Şol hem tagama seň uly hormatyň.

Nahar iýmek bolmaz ýassyk tirsekläp
Hem oturmak ýoldaşyňy hürsekläp.

Nahardan öň hem soň ele akyt suw,
Iň ýönekeý hemem wajyp edep bu.

Çöregi sen döwüp algyn az-azdan,
Alňasama, ýagy gelenok yzdan.

Diňe öz öňüňde goýlanyndan iý,
Iýip başlamankaň: «Bissimilla» diý.

Hoşlaşmadyk bolsaň akylyň bilen,
Nahar iýmek bolmaz çep eliň bilen.

Garbanýarkaň gürrüň etme, howlukma,
Lezzet berer oňat çeýnelen lukma.

Edepsizlik – ysgap görmek nahary,
Myhman ýeriň bermez saňa zäheri.

Akyl myhman zol-zol sagada bakmaz,
Şeýtseň öýüň eýelerine hoş ýakmaz.

Naharda iň uly edebiň biri
Berjaý etmek, unutmazlyk töwiri.

Bişireni-düşüreni alkyşla,
Öýüň eýeleriniň göwnüni hoşla.

Tagan Söhbedow
"Ene dili" kitaby, 3-nji synp.

Tmpedagog