24.06.2024 Döredijilik56 .

Akylly oglanjyk (Rowaýat)


Gadymy döwürlerde hanlaryň biri medresäniň ýanyndaky çagalaryň okadylýan ýerine barypdyr. Ol çagalara sapak berýän müderris bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşypdyr. Çagalara, daş-töweregine göz aýlapdyr. Şonda bir oglanjyk hanyň ünsüni özüne çekipdir. Han onuň bihal däldigini aňypdyr.

Çagany ýanyna çagyryp:

— Sen gowy okaýarmyň? — diýip sorapdyr.

Oglanjyk:

— Bu sowalyň jogabyny men aýdyp bilmen. Ony bize sapak berýän müderrisden sorasaňyz, ol dogry jogaby aýdyp biler — diýipdir.

Han müderrisden sorapdyr. Onuň aýtmagyna görä, oglanjyk bu ýerde iň ökdesi eken. Muny öňdenem aňan han:

— Tüweleme, oglum! — diýip, oňa bir altyn teňňe uzadypdyr.

Oglanjyk altyn teňňäni almandyr. Sebäbini soranda, oglanjyk şeýle jogap beripdir:

— Agşam öýe baranymda ejem-kakam: «Bu altyn teňňäni nireden alandygymy sorar» — diýipdir. Onda han:

— Meniň berenimi aýdarsyň — diýse, oglanjyk:

— Han aga, ynanmazlar. «Han beren bolsa, beýle az bermezdi, bolmanda, kyrk teňňe bererdi» diýerler.

Bu sözleri eşiden han ýylgyryp: «Sen, hakykatdan-da, akylly oglan ekeniň» diýipdir-de, oglanjyga kyrk altyn teňňeli haltajygy sowgat beripdir.

Taýýarlan Dawutmyrat HOJAMGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, №6-2024

Tmpedagog