24.06.2024 Döredijilik49 .

Gülmähegiň gülleri (Hekaýa)


Synplarynda okuwa ýetişigi babatda-da, dil öwrenmek, kitap okamaga gezek gelende-de aýratyn tapawutlanýan Gülmähek el işlerine-de diýseň höwesjeňdi. Onuň bilesigelijiligini töwereginde ýaşaýan goňşy gyzjagazlar bilen tirkeşip zähmet sapagyny okadýan Sona mugallymyň «El hünäri — il gezer» gurnagyna işjeň gatnaýandygyndan hem biläýmelidi. Mugallymyň sapakdan soň galyp öwrenesi gelýän gyzjagazlara örüm örmegi, alaja işmegi öwretmegi olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýardy. Ulurak synpda okaýan gyzjagazlaryň arasynda mugallymynyň kömegi bilen eýýäm köýnek biçmegi we tikmegi başarýanlaryň bardygyny bilip, beýleki gyzjagazlar hem has-da höwesli ýapyşýardylar. Gülmähek hem işjeňdi, hem örän synçydy. Onuň her bir zady özboluşly gaýtalanmaýan waka öwresi gelýärdi. Gyzjagazlaryň dürli reňkli ýüplüklerden nagyşly jorap örýänleri bardy, Gülmähek hem örmegi başarýardy, emma ol ýa täze bir gül salardy, ýa-da nagyşlaryny üýtgederdi, hökman täzelik girizýärdi.

Bir günem okuwdan soň haýdap öýe geldi-de: «Dükana baryp gelsem bolýamy, eje?!» diýip, ejesinden soraşdy. Onuň başyny atanyny görübem haýdap çykyp gitdi. Az salymdan hem eli birgiden goşhaltaly gapydan girdi.

Gülmähek garaşylmadyk sowgat taýýarlamagyň aladasy bilen dükandan gyrmyzy, gülgüne reňkli ýüzi ýalpyldaýan atlaz lentalary satyn alyp, olardan gül ýasamaga girişipdi. Sebäbi tiz wagtdan ejesiniň doglan güni ýetip gelýärdi. Gülmähek ejesini öz eli bilen ýasan sowgady arkaly gutlasy gelýärdi. Ol bu barada Sona mugallym bilen maslahatlaşypdy. Çagalar bilen işläp, olaryň göwnüne laýyk hereket etmegiň ugruny bilýän halypa mugallym köp oýlanyp durman şeýle maslahat beripdi: «Hem gyrmyzy, hem gülgüne reňkli lentalardan garyp, gül ýasap, kaşaň çemen baglap berseň, megerem, eje üçin mährem gyzynyň öz elleri bilen ýasan şeýle sowgadyndan üýtgeşik sowgat bolup hem bilmez».

Şeýdibem, Gülmähek gerekli zatlaryň ählisini dükandan satyn alyp, mata lentalardan owadan hem kaşaň çemen ýasady.

Ine-de, ejesiniň doglan güni ýetip geldi. Uly doganlary hem ellerine taýýarlan sowgatlaryny alyp, işden geler wagty bolan ejeleriniň gapydan girerine garaşdylar. Gapy açylaryna mähetdel ählisi baryp, ejelerini doglan güni bilen gutlap, onuň gujagyna doldular. Gülmähegiň zordan göterip duran ullakan gül çemenini görmäge göz gerekdi. Çemen şeýle owadandy hem gelşiklidi. Garaşylmadyk sowgady taýýarlajak bolup, ejesi we doganlary öýde ýok wagty taýýarlan gül çemeni, hakykatdan-da, üýtgeşikdi.

Ejesiniň gujagyny dolduryp duran gül çemenini hemmeler halady. Aýratyn-da, gyzjagazynyň öz elleri bilen ýasandygy ejesi üçin has-da ýakymly boldy. Ejesini begendirip bilendigine, sowgadynyň aýratyn özboluşly bolmagyna Gülmähek buýsanýardy. Onuň zähmetiniň ýerine düşüp, ejesiniň göwnüni göterip bilendigine şatlygynyň çägi ýokdy. Gülmähegiň gülleri welin, diňe onuň ejesinde däl, hemmelerde hem uly täsir galdyrypdy. Saçak başynda otyrkalar hem gülleriň her birini ýasamak üçin siňdirilen yhlasyň, ukybyň gadyr-gymmaty dogrusynda söhbet etdiler. Zähmetiniň jüpüne düşmeginde mugallymynyň maslahatynyň uludygyny nygtamak bilen, Gülmähek Sona mugallymdan köp zatlary öwrenendigini oturanlara hem gürrüň berdi. Gülmähegiň sapakdan daşary gurnaga gatnap öwrenýän zatlary barada diňläp täsirlenip oturan kiçijik Gülmelek:

— «Adam eli — gyzyl gül» diýleni bolýa-da onda — diýip, «Ene dili» okuw kitabyndan öwrenen atalar sözüni duýdansyz aýdyp goýberdi. Oturanlar hem ýylgyryşyp baş atdylar.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.

"Güneş" žurnaly, №6-2024

Tmpedagog