21.06.2024 Döredijilik55 .

Syrdaş (Şahyrana oýlanma)


Men ýene-de saňa ýüregimi dökdüm, köneje depderim. Ýürek urgularymyň keşbi bolan bu sözleriň hiç birini niýetlenilen ynsana ýetirmejegiňi bilsemem, alyslarda galan arzuwlaryň suratyny ýene-de saňa ynandym.

Hiç kime ýollanylmajak haty ýazmagymyň sebäbine köpleriň düşünmejegini bilýän. Dogrusy, munuň sebäbini öňler özümem bilemokdym. Ýöne wagt geçdigiçe, köneje depderimiň yssysynyň artyp gidip barmagy maňa bu zatlaryň sebäbini düşündirdi. Görüp otursam, arka atylan ýyllar seni iň ýakyn syrdaşlarymyň birine öwrüpdir, köneje depderim! Şonuň üçinem, köne-de bolsaň, sen maňa täze tanyşlarymyň köpüsinden gymmatly.

Wagt geçip, ýyllary arka atdygyça, ynsanyň biynjalyk bolmaga zat tapmasy aňsatlaşar ekeni. Soňky wagtlar mende nähili üýtgeşiklik boldy diýsene? Seni diňe şular ýalyda — halys ýüregim gysan, işim düşen pursatlarymda ýatlaýanym üçin öz-özüme igenmäni tapdym.

Hakykatdanam, halys dünýäm daralyp, içimdäki agyr ýüki bir ýerlere äkidip dökmek zerurlygy ýüze çykanda, seni ýatlaýandygym çyn. Sözlemek ukyby berläýenliginde, şeýle edýänligimi, belki, seniň özüňem aýdardyň. Iň bolmanda, öýkäňi-hä aňdyrardyň. Ýöne men başgaça bolup bilmesem nädeýin? Bu hereketlerimi senden halys arkaýyn bolandygym üçin edýän-dä. Näçe göwnüňe degsemem, bagyşlajagyňa gözüm ýetip duransoň, göwün guşuma atlanyp, al-asmana syýahata ugran gezeklerim seni ýanyma almak barada pikirem edemok. Ýöne ol ýerlerde, şeýle pursatlarda seniň zerurlygyň bolmajagyny, soň bir gün, aýlanyp-öwrülip ýene-de seniň sahypalaryňy gaçybatalga edinjegimi bilemsoň şeýdýän. Şonuň üçinem ýüregime sygmadyk duýgularyma sahypalaryň arasynda hemişe ýer taýyn bolsun, köneje syrdaşym!

Edil dil bitäýenliginde-de, seniň hiç haçan: «Gussaly sözleriňi ýerleşdirere bir setir ýerimem galmady» diýmejegiňe-de, sahypalaryňda gizlengi syrlarymy hiç haçan daşyňa çykarmajagyňa-da ynanýan. Sebäbi çyn dostlar şeýle-de bolaýmaly. Olar diňe gerek wagty ýadyňa salýandygyň üçin öýke etmeýärler. Olaryň köpüsiniň ykbaly şeýle. Çyn dost üçin şeýle pursatlarda seniň başga birini däl-de, hut özüni ýatlaýandygyňam iň uly hormat, iň uly baha. Megerem, bu durmuşyň manysy-da şondadyr. Ruhy güýç almak, kalbyna agram salýan gussalary paýlaşmak üçin kimdir birine gerekdigiňi bilip ýaşamak bu durmuş mekdebiniň goýan iň uly bahasydyr, belki? Şonuň üçinem, mähriban depderim, seni ýene-de sandygymyň düýbünde gizläp goýýanymy göwnüňe alma. Esasy zat — kalbymdaky ýükümiň agramy artyberse, olary ýerleşdirere seniň sahypalaryňdan başga ýer gözlemejekdigim hemişe ýadyňda bolsun!

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 21.06.2024

Tmpedagog