20.06.2024 Döredijilik74 .

Zyýarat (Hekaýa)


Magtymguly ukudan oýananda, daň saz berip, tilkiguýruk boluberipdi. Ol jana şypa beriji mylaýym daň şemalyna maýyl bolup oturyşyna asmana gözlerini dikip, oýlara gark boldy.

Magtymguly dagy düýn daňyň alagaraňkysynda Hajygowşandan çykyp gaýdypdylar. Soňudagyň Naýbadaý gädiginden guzaýa aşanlarynda, Günem dogmandy. Iki atlynyň ýüzi Dehistan tarapa gönügipdi. Şahyr bu ýollara bäş barmagy ýaly belet bolupdy. Ol indi bassyr dört ýyl bäri Maşat ata gonamçylygydyr Şir Kebir aramgähine zyýarata gaýdýardy. Ýöne, näme üçindir, şu ýyl onuň zyýaraty biraz gijä galmaly boldy. Ýogsam ol bu keramatly mesgene, adatça, ýaz aýlarynda sapar ederdi. Häzir bolsa tomsuň gyzyp-gyzyp, ýetjek derejesine ýeten wagty. Çarwa hasaby boýunça Ýaldyrak döwrüniň başlananyna bir hepde çemesi bolupdy. Şonuň üçinem bu günler salkyn bilen aşjak ýeriňe aşaýmasaň, taňkyrap ýatan suwsuz çölde nä günlere düşjegiň belli däl. Ýöne tomsuň depäňi deşip gelýän jokrama yssysy-da, gyşyň aňzak sowugy-da şahyry bu ýollardan saklap biljek däldi. Ol häzir mundan bäş ýyl öň uzak sapardan dolanyp gelýärkäler, tarpa-taýyn aradan çykanda, Maşat ata gonamçylygynda öz elleri bilen depin eden ýürekdeş dosty Nury Kazymyň aram tapan ýerine howlugýardy. Her saparky zyýaratdan soňra bolsa, onuň köňli aram tapyp, jana-jan aşnasy bilen didarlaşyp, iç döküşen ýaly duýgulara sezewar bolýardy. Hywa medresesinde özüne sapak beren halypasy, syr alyp, syr berşen wepadar hemrasy şamly ýigit Nury Kazym ibn Bahr Magtymgulynyň ýüreginde baky orun alypdy. Şonuň üçinem ol iň ekabyr talyby bolan Orazalyny özüne ýoldaş edinip, dostunyň guburyna zyýarata gaýdypdy.

Magtymguly ýerinden turdy. Ertir namazyna taýynlyk görmegiň aladasy bilen bolup, mis kündüge meşikden suw guýdy. Onýança-da ýetginjek Orazaly-da oýanyp, halypasyna salam berdi. Ertir namazy okaldy. Orazaly ojar oduna gaýnan tüňçelere çaý atyp, üç sapar gaýtardy-da, käselere guýdy.

* * *

Olar düýn gijöýlänler Dehistanyň haraba öwrülip ugran galasyna gelipdiler. Hatda öýle namazynam Juma metjidiniň köne peştagynyň öňündäki daş düşelen meýdançada okapdylar. Soňra galanyň içinde gezim edip, ikindiniň öňüsyrasy galanyň demirgazyk diwarynyň daş ýüzünde ýerleşýän Şir Kebir aramgähine ýola düşüpdiler. Ikindi namazyny bu ýerde okap, hut şu ýerde-de gijäni geçirmekligi maslahat edip, goş ýazdyrdylar. Ýogsam söwer dostunyň aram tapan gonamçylygy, Maşat atanyň belentdäki metjidi hem taýagatym golaýdan görnüp durdy. Ýöne şahyr bu gijäni şu ýerde geçirenini kem görmedi.

Çaý başynda Orazaly halypasyna ýüzlendi:

— Halypa diýýän-ä, gijelerine bu taýynyň howasy juda üýtgeşik bolýan ekeni. Dünýäni unudyp ýatypdyryn. Häzir düýnki argynlykdan nam-nyşan galsa nädersiň.

Şahyr seleňläp oturan goşa minarada eglenen nazaryny ýetginjege gönükdirdi:

— Orazaly jan, bu toprak Hakyň nazar salan topragydyr. Gojaman Hazardan öwüsýän bady-saba bolsa bu topraga jennetden ýeten bir ülüşdir...

Zyýaratçylar Gün naýza boýy ýokary galyberende, Maşat ata gonamçylygyna baryp ýetdiler. Magtymguly iki dyzyny ýere goýup, gonamçylyga ýeten çetinde oturyp doga okady. Soňra dosty Nury Kazymyň guburynyň başyna baryp dyz epdi. Esli wagt uzak dogalary okap, merhuma iman baýlygyny diledi. Şahyr çuň oýa batdy. Ol häzir hyýalynda halypasy hem dosty Nury Kazym bilen söhbet edýärdi. Bu ýagdaýa düşünen Orazaly şahyra päsgel bermezlik maksady bilen, ony mazaryň başynda ýeke galdyryp, bu ýerden uzaklaşdy.

* * *

Magtymguly dagy Orpanyň guýuçylygyna gelende, Gün eýýäm guşluk boluberipdi. Ýolagçylar atlaryny suwa ýakyp, meşiklerini suwdan doldurmak üçin guýularyň biriniň başyna bardylar. Orazaly ýeňillik bilen atdan düşdi-de, guýynyň başyndaky çarhly utuna ildirilen hamdan edilen gowany aldy. Ol gowanyň bagyny çarha ildirip guýa sallady. Gowa derrew suwa çümdi. Daşdan nowa iki-üç gowa suw guýlandan soňra, atlar şobada buz ýaly durnagöz dury suwa eňek basdylar.

Guýuçylygyň ilersindäki ekinçiligiň çetinde gawun sakçysynyň üstüne ýandak basylan bassyrmasy, onuň golaýynda bolsa horaşaja gara öý otyrdy. Bu öý Agöýli aganyňky bolmaly. Agöýli aga öňräk Etrek boýundan bu ýere göçüp gaýdypdy. Munuň özüne ýetik sebäbi bardy. Ýalňyz ogly Diwan Çowdur hanyň ynamdar nökerleriniň biridi. Ol söweşleriň birinde wepat bolupdy. Diwan batyryň yzynda ýeke perzendi Maşatgulujyk bilen dul galan gelni hem-de garry atasy Agöýli çopan galypdy. Bu ýere göçüp gelmek bilen goja keramatly Maşat ata ýykylyp alnan agtygyny Maşat atanyň penasyna getiripdi.

Magtymguludyr Orazaly bärden baranlarynda, Agöýli çopan bassyrmanyň kölegesinde kemsiz bişen gawunlardan kak dilip otyrdy. Ol myhmanlaryň garasy görnenden, agtygyna olaryň atlaryny tutmagy, gelnine bolsa çaý-suwuň ugruna çykmagy tabşyrdy. Maşatguly myhmanlara salam berende, Magtymgulynyň Diwan batyr ýadyna düşüp, ýüregi jigläp gitdi. Agynjak dädesiniň özi-dä. Bir almany iki bölen ýaly. Şahyr hyýalynda birsellem oglanlyk döwrüne dolandy.

Diwan batyr Magtymguludan iki ýaş uludy. Agasy Mämmetsapanyň deňidi. Gözleri ýanyp duran dogumly ýigdekçe beýleki deň-duşlaryndan ekabyrrak görünýärdi. Şonuň üçin oglanlar bolup göreş tutuşanlarynda, öz deňlerinden bäsdeş tapman, ulular bilen güýç synanyşmaly bolýardy. Diwan özünden kiçi hem bolsa, Magtymgula aýratyn hormat goýýardy. Onuň hem sebäbi bardy. Oba oglanlarynyň birnäçesi Döwletmämmet mollanyň medresesine okuwa gatnap, hat-sowat öwrenerdiler. Şolaryň arasynda Diwan hem bardy. Ol her näçe güýçli, berdaşly bolsa-da, okuwa gezek gelende çöňňeräkdi. Mollasynyň tabşyran ýumuşlaryna taýýarlanmaly bolanda, oňa mydama Magtymguly kömege ýetişerdi. Şonuň üçinem ol Magtymgula halypasy hökmünde sylagly garardy.

Bassyrmanyň kölegesine goşma keçe ýazylyp, myhmanlar gadyr bilen garşy alyndy. Goja Magtymguludan obadaşlarynyň hal-ýagdaýlaryny sorady. Döwletmämmet mollanyň ýagdaýy bilen bolsa has içgin gyzyklanyp:

— Magtymguly jan, Garry mollanyň taplary niçikdir bu çaklar?! — diýip sorady.

Magtymguly ýylgyryp jogap berdi:

— Allaha şükür, atamam, obadaşlarymyzam sag-gurgun gezip ýörler. Özlerem köp dogaýy salam ýolladylar.

Goja muňa monça boldy:

— Iberenem, getirenem sag bolsun! — diýdi. Soňra myhmanlar bilen görüşmek üçin guýynyň başyndaky beýleki öýlerdenem adamlar gelip ugradylar. Gawun sakçysynyň bassyrmasynyň kölegesiniň mähellesi artyp, gürrüň gyzygyp başlady. Orpalylar sarpaly myhmany hormatlap, onuň garşy çykmagyna bakman söwüş soýdular. Ony bir gijelik obalarynda myhman bolup gitmäge razy etdiler. Oba adamlary Magtymgulynyň okajak goşgularyna, wagyz-nesihatlaryna, uzak ülkelerde syýahatda bolan ýerleri hakynda aýdyp berjek täsin gürrüňlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Hakykatdan hem, Günüň ýaşmagyna mähetdel bu ýeri kiçiräk toýhana öwrüldi. Adamlar goşgudyr gürrüň diňläp, göwün solpusyndan çykdylar. Bu şowhun gije ýaryma çenli dowam etdi...

Ertesi säher bilen Agöýli çopan hormatly myhmanlaryny ýola saldy. Ol Magtymgulynyň elini gysyp durşuna:

— Magtymguly jan, şu öz ellerim bilen der döküp ýetişdiren düme gawun-garpyzlarymy Garry molla gowşuraweri. Jennetiň miwesi saýylýan bu nygmatlar, hususan hem, garry adam üçin melhemdir — diýdi-de, gawun-garpyzdan gözelen ala çuwaly, kakly torbany, toşaply meşigi myhmanlaryň atynyň ardyna bökderdi. Soňra bolsa myhmanlar bilen hoşlaşyp, olary ep-esli menzile çenli ugratdy. Atlylaryň garasy ýitýänçä seredip durşuna şeýle pähimdar perzendi beren dogduk iline, ene topragyna öwran-öwran alkyş aýtdy.

Dörtguly Tagandurdyýew,
Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 20.06.2024

Tmpedagog