20.06.2024 Döredijilik44 .

Täsin ahwalat


Ýurt goragyna giden gerçek söweşde agyr ýaralanýar. Özüne bir zat bolaýsa: “Bir dogan ýanar, birem dogran” diýip mähribanlarynyň ýaka ýyrtyp aglajakdygyny aňlan ýigit ejesine habar ugradýar. Uly sadaka edip, aja nan, ýalaňaja don paýlamagy. Ýöne şol sadaka diňe ölüm görmedik öýden, ajal awusyny datmadyk adam gelmelidigini tekrarlaýar. Ene aýdylyşy ýaly, çar tarapa çapar ýollap sadaka taýýarlyk görýär. Emma, sadaka kabul bolsun diýýänler bar-da, sadaka bararys diýýän ýokmuşyn. Ýüregi bir zatlar syzan ene obanyň danasyny çagyryp, syrly sargydy soraýar. Dana: “Ölüm görmedik öý ýok, ajal awusyny datmadyk adam. Şoň üçin seniň sadakaňa adam gelmez... Ýöne ilogly merdanyň ejesem mert bolmaly. Sen goç guzyňy gözle. Kim bilýär, ol bir ýerlerde Garagumy ýassanyp ýatandyr” diýip aýlawly jogap berýär.

Enemisiň — ýanamysyň. Oglunyň gözlegine giden ene çöl içinde gonambaşysyz Şehitlini saklap oturan bir şyha sataşýar. Watan serhediniň şunda gutarýandygyny, mundan aňyrda dirileriňem, merhumlaryňam obasynyň ýokdugyny eşiden ene gorkarak öz oglunyň syratyny-sypatyny soraglaýar. Şyh dogry habar aýtman, üç anna agşamynda yzygiderli gelip oglunyň adyny tutup gygyrsa, bir uç tapjakdygyny aýdýar. Anna agşamlary oglunyň adyny ýaýdanyp-ýaýdanyp tutýan enä 10-15 sany ses «how” diýip jogap berýär. Olardan oglunyň sesini tanap bilmedik ene ýene şyha ýüzlenýär. Onda şyh: «Pylany ogly pylany» diýip görmegi sargaýar. Şyhyň aýdyşy ýaly gygyran enä ýeriň astyndan sogup-sogup “How... Ejem jan, aglamasana” diýen owaz gelýär. Gubury gujaklap gan aglaýan ene ogly bilen gürleşip derdini ýeňledensoň şyhdan mazarlara näme üçin bellik edilmändigini, indiki zyýarata gelende oglunyň mazaryny nädip tapmalydygyny soraýar. Onda şyh: “Wah, men bir bisowat. Kerwenimiziň ýoly düşeninde diri adamam ýok eken. Menem sogabym üçin galdym. Ýöne sen bellik üçin jür agajyna mata bölek daňaý” diýýär...

...Häzir-häzirlerem gonamçylygyň gapdalyndan geçilende aýat okap seredilse, käbir jür agajynyň mata belligi uzaklardanam görünýär.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky
14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti. 20.06.2024

Tmpedagog