20.06.2024 Döredijilik116 .

Gyzykly söhbet ýolda dörär


Biz Köneürgençden geljek myhmanlarymyzy Kerki Halkara howa menzilinde garşylamak üçin garaşyp durduk. Myhmanlar gelenden soň biziň ýolumyz Magtymguly Pyragynyň bilim alan ýeri bolan Idris baba medresesine sary boldy.

Myhmanlar uzaklardan seleňläp görünýän Kerki — Kerkiçi awtomobil hem-de demir ýol köprüsiniň deňinde ulagy saklamagy haýyş etdiler-de, daş-töwerege nazar salyp ugradylar. Kerki — Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda dörän täsinlikleri söz bilen beýan edip boljak däldi. Soňky on-on bäş ýyllykda gurlan ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, senagat kärhanalary özboluşly gözellige beslenipdi.

Biz az salymdan Idris baba medresesini nazarlap ýola düşdük. Medrese Amyderýanyň kenaryna golaý ýerde, Kerki — Türkmenabat gara ýolundan 7-8 km çemesi ýerdedi. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Kerki — Türkmenabat awtomobil ýolundan medresä tarap uzaýan bu ýoluň durky düýpli täzelenipdir.

Az salymdan biz Idris baba medresesine bardyk. Baharyň hoşboý howasynda töwerekde şeýle bir gözellik döräpdi. Myhman bolup gelen Atabaý aga agtyklaryna medresäniň öňünde şahyryň goşgularyny, ol hakdaky rowaýatlary aýdyp berýärdi. Pursat döräp, Atabaý aga buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Bu ýerleri soňky gezek görenimden bäri düýpgöter üýtgäpdir. Oba ýaşaýjylary üçin täze mekdep, çagalar bagy gurlupdyr. Bulardan başga-da, simli internet ulgamy, gaz we elektrik geçirijileri geçirilip, täze ýoly çekilipdir. Bu özgertmeleriň barysy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň netijesidir.

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti, 08.06.2024

Tmpedagog