10.06.2024 Döredijilik152 .

Ykbala uzaýan ýol (Hekaýa)


Ir ertirlerine oýarmak hyllalla bolsa-da, Öwez bu gün guşlar bilen deň oýandy. Özem şähdaçyk. Onuň maksady — mekdebe irräk gitmek. Tizden-tiz ertirlik çaýyny içip, ýola düşdi. Bu mahal ýolda synpdaşlarynyň hiç haýsynada gabat gelmedi. Şonuň üçinem säher görnüşlerini synlap, howlukman ädimläp barýardy.

Çünki bu gün mekdep durmuşyndan uçurym bolup, durmuş mekdebine gadam basmaly, ykbal nesibäňi yzarlap, uzak-uzak menzillere rowana bolmaly.

Şol tanyş ýoda bilen mähriban mekdebine barýan Öwez bu ýolda, gör, näçe garlary basgylandygy, nijeme gezek ýagyşlara ezilendigi hakda pikire batdy. Mekdebe golaýlaşdygyça, ony nämälim duýgy gurşap aldy: çagalygy, jahyllygy bile geçiren, begenjiňe şärik synpdaş oglan-gyzlaryň bilen sähel salymdan «Soňky jaňyň» astynda hoşlaşmaly. Ak mekdebe eliň gülli, hyýalyň ullakan sorag belgili gadam basylany ýaňy dälmidi?! Ajaýyp pursatlaryň aňyňa, ýüregiňe ýazylany bäri ýyllar suw ýaly akyp geçipdir. Ony mekdep derýasyndan ýüzüp geçip, durmuş atly ummanyň kenaryna geleniňde duýýarsyň.

Ine-de, mekdep. Bu ýerde daň säherden baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Sähel salymdan gülki, şowhun, şagalaň-şatlyk, joşgunly saz asmana galar. Şatlygyň ýagty reňkleri kalbyňy ýakymly ýylgyryşdan doldurar. Şeýle pursatlarda Öweziň agasyna meňzäp, kiçi synplarda ýöredip başlan, «Gündelik» diýlip atlandyran ullakan depderine ser salmak, oňa nähilidir bir bellik etmek endigi bar.

Boşlaň synp otagynda ýene-de gündelik sahypalary açyldy. Bu gezek bellik etmäge howlukmady-da, gahrymanymyz olardaky ýazgylara birlaý göz aýlady. Üsti çyzylyp, düzedilen sözleri, sahypanyň ýokarsyndaky hatlaryň endigan ýazylandygyny, aşakdakylarynyň bulaşyp gidýändigini hasaba almanyňda, ol hatlaryň hersinden bir düzme üçin temanyň çykjakdygyny çaklasa boljak:

«B»-ler bilen «Ç»-lerden ýene-de üstün çykdyk. Bolmanda-da, «A» elmydama başda ýazylýar. Diýmek, biziň synpymyzam birinji orny eýeläýmeli. Taryh mugallymymyzyň Ýeňiş gününe bagyşlap, ýedinjiler bilen geçiren bäsleşigi gyzykly boldy. Sahna oýny üçin Ata Gowşudowyň «Gandym awçynyň maşgalasy» atly hekaýasyndan bölegi sahnalaşdyrdyk. Özüm Gandym awçy boldum. Akjagülüň gopgunyna onuň: «Duşmanlar üstüňe sürnüp, ýurduň bir ujundan alyp gelýän wagty... Şeýle ýakymsyz gopgun turuzmak aýyp dälmi? Utanç!...» diýen sözlerini halys ýürekden aýtdym welin, partadaşym Güljan şondan bäri gürleşenok. Bolsa-da, biz — ýeňiji. Ýeňijiniň nazary bilen beýleki synpdakylara seretmek, umuman, ýeňşiň lezzeti, tagamy üýtgeşik».

Öwez ýene-de dört-bäş sahypany geçirdi welin, şol ýylyň tomusky dynç alyş pursatlaryna gabat geldi:

«Lummurdap akyp ýatan derýa meňzeş bu ýaba Akýap diýýärler. Obamyzdan 2-3 kilometr dagy demirgazykda. Gyralary toraňňyly-tally. Welosipedimem alman, gumaksy ýol bilen pyýadalap geldim. Ýaş toraňňynyň bir adamlyk kölegesine ornaşdym. Hana, güzer edilen ýer. Gün gyzdygy, onuň adamsyz wagtyny tapmak kyn. Oglanlaram gelerler häzir. Suwa düşülse-de, indiki aý — awgustda Awaza gidilse-de, mekdebe gatnamak has hezil ýaly. Synpyň her günki gyzykly wakalary, şowhunly gykylyk-dawalary kemterlik edýär. Ýogsa, heniz iýul».

Bu ýazgyny okap, ýaňy bir täze sahypa aý-gün hasabyny goýjak bolanda, synpdaşlary iki-ýekeden gelip başladylar. Ýazmak pikirini goýbolsun eden Öwezem beýlekilere goşulyp, «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Dabara dowam edýärdi. Diýseň-diýmeseň, hoşlaşyk pursady tolgundyryjy bolýar. «Harplykdan» uçurymlyga çenli külterlenen ýyllar deň-duşlaryň bilen seni dost däl-de, dogan eýleýär eken. Uçurymlaryň özboluşly adatyna öwrülen ak kepderileri uçurmak pursady ýetip geldi.

Bu arzyly pursada ak arzuwlaryň, ak niýetleriň, ykbal ýolunda myradyna gowuşmagy üçin göreşjek geljekki maksatlaryň nyşany hökmünde garalýar. Şonuň üçin-de, uçurym güni üçin kepderileriň gar ýaly ap-agy saýlanyp alynýar. Şeýle pursatlarda gyzlar has duýguçyl bolýar.

— Gyzlar, kepderileri gaty gysaýmaň. Beýtseňiz, uzaga uçmaz.

— Uçar, uçar, gorkmaň.

Gülki... Gussa gatyşykly şatlykly duýgular... Bular — mekdep bilen, deň-duşlaryň bilen hoşlaşyk alamatlary.

— Bir, iki, üç. Uçurdyk!

«Uç, kepderi!» diýlen guşlar asmana galyp, täsin öwrüm etdiler. Her kim öz kepderisini yzarlaýar. Öwrüm eden kepderileriň hersi bir ýana dargadylar. Bir kepderi bolsa ikinji öwra öwrüm etdi-de, mekdep binasynyň bir çüňkünde ornaşdy. Ony uçuran gyzyň gözleri nemlendi:

— Meň kepderim uçmady.

Gyzy ýaly eý görýän okuwçysynyň sözlerine ýylgyran mugallym şeýle diýdi:

— Gyzym, bu seň arzuwyň ahyryn. Ol kepderi seniň duz-nesibäň şu ýere ýazylandygyny buşlaýan bolaýmasyn?!

Bu görnüşleri synlap duran Öwezem söze goşuldy:

— Sen mugallym bolup, ýene-de mekdebimize gelersiň.

Mekdepde agzybir, jebis topar hökmünde tanalýan synpyň ähli okuwçysy birden dillendi:

— Ýaşasyn dostluk! Hiç haçan birek-biregi unutmalyň!

Şol pursatlar Öweziňem, kepderisi uçmadyk gyzyňam, beýleki synpdaşlaryň ählisiniňem kalbynda on sekiz ýaşyň aldymgaçlykdan saýlanan maý duýgulary höküm sürýärdi. Çünki bu günki uçurymlar ýaňky uçuran kepderileri ýaly ak mekdebiň sapaklaryny çelgi edinip, ykballaryny yzarlap, durmuş ýolunda uzaklardan-uzaklara gitmeli, menzillerden-menzillere ýetmeli...

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, №5 2024

Tmpedagog