06.06.2024 Döredijilik62 .

Arzymanym—atam öýüm (durmuş pursaty)


Gyz kişi maşgalasy bolýar. Wagtyň geçmegi bilen özbaşyna öý-ojak, maşgala bolup gidýän hem bolsa, gyzlar atasy öýündäki geçirilen bagtyýar günlerini hiç haçan ýatdan çykarmaýarlar.

Atam öýümde tutuljak toýa sabyrsyzlyk bilen garaşdym. Toýa gelenimde agamdyr gelnejem, jigilerim, doganymyň agtyklary meni we meniň maşgalamy güler ýüz bilen garşy aldylar. Atam janyň eden sargydyna wepadar nesilleri onuň ojagyny has giňeldip, täzeçe — döwrebap bezän hem bolsalar, atam bilen enemiň öz ýaşan otagyna degmändirler. Meniň göwnüme bolmasa bu otagyň ysy hem başgaça. Men ajaýyp keçeler düşelen, töründe gadymy sandyk goýlan otaga girenimde durkum bilen ýatlama berildim. Atamyň ýognasdan mähriban sesi, enem janyň jigilerimi hüwdüleýän owazy gulagyma eşidilip başlady. Gadymy, çüý bilen deşilip güllenen, owadan sandyk bolsa ýaňy ýasalan ýaly öwşün atýardy. Atam ogullaryna öz otagyny ellemezligi tabşyran eken. Ol:

— Gyz maşgalalaryň ýüreginiň bir bölegi atasy öýünde galýandyr. Goý, olar bu ojaga dolananlarynda bu öýüň şol öňki durkuny görüp, özlerini eneli-ataly duýsunlar. Şu sandykdaky zatlar bolsa nesillerime deň paýlansyn — diýip sargyt eden eken. Kakam atamyň körpe ogludy. Ol atamyň ähli wesýetlerini berjaý etdi. Bu ojakda meniň agalarymyň iň kiçisi bala-çagalary bilen ýaşap ýör. Sandykda bolsa atam janyň öz elleri bilen ýasan şaý-sepleri bar. Olaryň arasynda gelin-gyzlaryň kökenli ýüzükleridir gupbalary, gülýakalarydyr çekelikleri lowurdap dur. Atamyň ellerinden çykan bedewlerimiziň bezeg esbaplary hem sandygy açsaň nur bolup görünýär. Men atamyň öz otagyny şol öňki durkuna saklamak hakyndaky eden sargydyna begendim. Biz gyzlar bolup üýşen wagtymyz ählimiz şu otagda çaý içýäris. Şeýle bolansoň gyz döwrümizden bäri nijeme ýyllaryň kerwen gurap, geçip gidenini hem duýmaýarys.

Bu otagda biziň hakykatdan hem ýüregimiziň bir bölegi galan eken. Bu otag atamdyr enemiň, ejemdir kakamyň özge hiç ýerden tapdyrmajak mährem ysyny hem özünde saklap galypdyr. Men bu öýe dolansam özümi ýitirip tapan ýaly bolýaryn. Gözlerimde bolsa täze şatlyk öwüşgini emele gelýär. Dil bilen düşündirip bolmaýan bir gudrat meni bu ojaga çekip dur. Men şol pursat edep beren eneme, akyl beren atama, ak süýt beren ejeme, mähir beren kakama täzeden gowşan ýaly bolýaryn.

Ine-de toý başlandy. Bu gün atam janyň ýuwluk gelni gelýär. Men törden asylgy duran atam bilen enemiň suratyny synlap durşuma olara hoşallyk bilen seredip, içimi gepledýärin:

—Ýaýrawlaryňyz ýalkansyn, dowamyňyz dowam bolsun, käbämdir kyblam! Siziň abraýyňyzy goramak, ruhuňyzyň öňünde baş egmek biz üçin uly buýsançdyr. Beren göreldäňiz, edep-ekramyňyz, esasan hem ömrüme ruhy ganat beren mähriňiz üçin taňryýalkasyn!

Zylyha MÄMMETORAZOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen
45-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 05.06.2024

Tmpedagog