06.06.2024 Döredijilik70 .

Ene hüwdüsi


Dünýäde «Iň şirin aýdym — haýsy aýdym?» diýip soralsa, eglenmän «Ene hüwdüsi!» diýip jogap berjekler örän kändir. Belki-de, hemmeler şeýle jogap berer... Hakykatdan hem, şahyryň aýdyşy ýaly, ene ýüregi dek ýürek tapylmaýan bolsa, onda şol ýüregiň mährine ezip, söýgä siňdirip aýdan aýdymyna hem taý ýokdur. Çaga hut ene hüwdüsiniň üsti bilen, dünýä syýahata çykýar. Enelik duýgusynyň gaýmagy bolan hüwdüniň her biri bala batyrylan ýaly süýji sözleriniň dadyndan hoş bolan çaga ähli zady iň gowy görnüşde kabul edýär. Hüwdüdäki sözleriň äheňi, buýsanja garylan birsydyrgyn heňi diňe çagany däl, eýsem şol ýerdäki uly adamlary hem maýyl etmäge ukyply. Hüwdini diňleýän adamyň beýnisi öz-özünden rahatlanyp, ýürek urgusy kadalaşýar, arzuw kölüne çümüp, ýagşy niýet-hyýallara imrinýär. Megerem, «ene hüwdüsinde gudrat bar» diýilmeginiň aňrysynda hem şu syrly ahwal duran bolmaly.

Ene hüwdüsi dünýä halklarynyň ählisinde bar. hüwdüler her halkyň hüý-häsiýetine görä bolup, olaryň ählisiniň hem çaganyň kemally bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar. Meselem, gündogar halklarynda mähirsiz, doňýürek adamy sypatlandyrjak bolsalar: «Çagaka ene hüwdüsini eşitmedik» diýip baha berilýär. Rus halkynda bolsa: «Sallançakda üwrelmedigiň dünýäsi düşnüksiz bolar» diýen nakyl bilen suratlandyrylýar. Şulardan hem görnüşi ýaly, hüwdi çaga mähir, söýgi siňdirmegiň esasy guraly bolup durýar. Dürli milletleriň hüwdüleriniň biri-birinden tapawutly taraplary bar bolsa-da, ol hüwdüler sadadan ýakymly heňi, sözleriniň gysga hem düşnükliligi, pessaý äheňi, ukyňy tutdurýan, maýyl ediji täsiri bilen birmeňzeşdir.

Hüwdüler häsiýetleri boýunça birnäçe topara bölünip, olarda çagany hüwdiniň üsti bilen terbiýelemek, oňa guwanmak, çagalardan ene-atalaryň garaşýan ýagşy gylyk-häsiýetlerini suratlandyrmak däbe öwrülipdir.

Lukmanlar hüwdi aýtmagyň enäniň saglygyna-da peýda getirýändigini, çaga hüwdüleýän ene-de süýt inme ýagdaýynyň bolup geçýändigini hem belleýärler. Diýmek, hüwdi, hakykatdan hem, gönüden-göni ene bilen çaganyň arasyndaky üzülmez köpri bolup, onuň üsti bilen çaga ählitaraplaýyn täsir etmek mümkin. Hüwdiniň taryhyny öwreneniňde onuň çagany derdi-belalardan goraýan güýçli doga-dileg diýip kabul edilendigi barada hem aýdylýar. Dünýäde ene hüwdüsi hakynda aýdylan, ýazylan eserleriň, aýdymlaryň sany kän. Hut şonuň özi-de, ene hüwdüsiniň hiç haçan könelmeýändigini we dünýä durup, adamzat kowmy ýaşasa ýaşajakdygyny subut edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär» diýip belleýär.

Goý, parahat Watanymyzda enelerimiz hemişe perzentleriniň bagtyna guwanyp, akja bäbek hüwdülesinler!

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 05.06.2024

Tmpedagog