06.06.2024 Döredijilik40 .

Mukaddes kitap


(«Atamyň gürrüňlerinden» ýatlamalar toplumyndan)

1952-nji ýylyň mart aýydy. Üçünji çärýek gutaryp, okuwçylara alty gün dynç alyş rugsady berildi. Biz şol wagtlarda Gyzylçarh (häzirki Nazly Gylyjow adyndaky) diýen oba göçdük. Dädem meni şol obadaky 6-njy orta mekdebe okuwa berdi. Mugallym meni okuwçylar bilen tanyşdyryp, şol gün okuwdan galan bir okuwçynyň ýerine geçirdi. Mekdepde artykmaç oturgyç-parta ýokdur-da, garaz, men günde okuwdan galan bir okuwçynyň ýerinde oturyp, okap başladym. Bir gün mekdebe baranymda, görsem, hemme okuwçy ýerinde otyr. Bu gün mekdepden galan okuwçy ýok. Maňa bolsa oturmaga ýer ýok. Hemme okuwçylar ýüzüme seredýärdiler. Şol wagt mugallym hamsygyp duranymy görüp, synp otagyndan çykyp gitdi. Biraz wagtdan bir tagta böleginden ýasalan oturgyç getirip, aýnanyň agzynda goýup berdi-de: «Ine, Serdarow, gel, sen şu ýerde otur. Bu ýer örän giň hem ýagty» diýdi. Men monça bolup şol ýerde oturdym. Öňki okan mekdebimde diňe matematika, türkmen dili sapaklaryny geçýärdik. Bu mekdepdäki geçilýän geografiýa, rus dili ýaly sapaklar meniň üçin düşünmesi kyndy. Her sapakdan bir mugallym okadýardy. Rus dili sapagynda mugallymyň aýdanlarynyň bir sözüne-de düşünmezdim. Tagta çykanymda berlen soraga berýän jogabym, diňe ýere seredip durmakdy. Okuwçylaryň arasynda gaty kemsinerdim. Şonda mugallymyň maňa diýenlerine düşünmesem-de, ýüzünden maňa bolan gahary duýýardym. Bir gün mugallym rus dilinden diktant ýazdyrdy. Mugallym teksti okap başlady, okuwçylar hem ýazmaga başladylar. Men hem ýanymda oturan okuwçydan bir-iki söz yzda galyp harpma-harp göçürmäge başladym. Diktant ýazylyp bolnandan soň, göçüren okuwçym mugallymdan bir zatlar sorap, ýazan diktantynyň birki ýerine düzediş berdi. Men bolsa düşünmämsoň depderimi tabşyrdym. Ertesi mugallym alan bahalarymyzy aýdanda: «Serdarow, çetyre» diýen sözleri häzire çenli ýadymda. Şonda mugallym ýüzüme bakyp bir zatlar diýdi, ýöne men şol sözlere düşünmesem-de, magtawly sözlerdigini bilýärdim. Şol gün meniň üçin şatlykly günleriň biridi. Öýe guş ýaly uçup gelipdim.

Öýde dädemiň bir köneje kitaby bardy. Dädem şol kitaby maňa köp okadýardy. Ol kitap Magtymgulynyň kitabydy. Men ilki okanymda goşgularyň manysyna düşünmeýärdim. Ýöne köp goşgularyny ýat tutupdym. Edebiýat sapagyndan Işanguly mugallym okadýardy. Ol bize Magtymguly şahyr barada gürrüň berdi. Şonda men ýerimden turup, Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birnäçesini aýdyp berdim. Mugallym menden goşgulary kimiň öwredendigini sorady. Men bolsa öýümizde şahyryň kitabynyň bardygyny, dädemiň şol kitaby okasaň, ulalansoň hem elmydama maslahatçyň bolar diýýändigini mugallyma aýtdym. Şol günden soň okuwçylaryň arasynda meniň adym «Bilgiç okuwçy» boldy.

Her bir sözi guba düýä deňelýän bu mukaddes kitap meniň mydamalyk dostum bolup geldi.

Aýgözel SERDAROWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
48-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 06.06.2024

Tmpedagog