31.05.2024 Döredijilik65 .

Şygryýet


Durmuş — ajaýyp eser

Yhlas edip, okamagy başarsaň,
Bu durmuşyň özi ajaýyp eser.
Özün aýan eder işli, başarjaň,
Nadan näçe öwrüm etse-de ýeser.

Akmak nutuk sözlär, sözi bimany,
Husyt baýlyk toplar, bimöçber sany,
Ýagşy häsiýetine düşmese syny,
Dana bimessepden arasyn keser.

Pursatlar eglenmez, ömre merduwan,
Many tirseň, lezzetlidir her diwan,
Aşyk magşugyna bolar bendiwan,
Perisypat gyzdan ýetişse heser.

Başda bir göreniň tanamak çetin,
Sözi äşgär eder pälin-niýetin,
Erkine goýberen nebsiniň atyn,
Pellehana ýetmez, gör, gaýra teser.

Mydam iliň-günüň bile ýöregin,
Zerur çagy şolar bolar diregiň,
Asly halallykdan ursa ýüregiň,
Il içinde adyň-abraýyň öser.


Ysy gelýär ýowşanyň

Nepesiňi durlap, şähdiňi açyp,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.
Dumly-duşa anbar ysyny saçyp,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.

Dünýäsi baý, göýä bagy-eremdir,
Sahawatly, çeşmeleri tereňdir,
Lezzet berýän bady-saba seleňdir,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.

Müň bir derde derman oty-çöpleri,
Täsinligi haýran edýär köpleri,
Taýyny tapmadym, gezip köp ýeri,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.

Ýagyş ýagar, bala döner kak suwy,
Suwa iner ýaşylbaşy, ak guwy,
Müşki-anbar hemmäniň täk arzuwy,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.

Bu sähralar üýtgemeýär — bakylyk,
Asudadyr, çykmaz hiç bir gykylyk,
Seýil etmäge iberilen çakylyk,
Sähralykdan ysy gelýär ýowşanyň.


Bolsun

Söz sözlesem bolsun kesgin,
Joşup çyksyn ýüregimden.
Müşgil işler geler asgyn,
Batly urýan küregimden.

Aý, Gün öz wagtynda dogsun,
Ynsan gülden çemen bogsun,
Ýüz-gözümden mähir çogsun,
Nur ýaýrasyn garagymdan.

Tebigatda gözellik kän,
Sanap bolmaz ýekän-ýekän,
Gözüm doýmaz, beýnim bekän,
Giň sähradan — Garagumdan.

Saýra, şirin dilim, saýra,
Aýdym bolup dünýä ýaýra,
Takdyr düşürmesin aýra,
Köňül söýen geregimden.

Watanymda ýaşap erkin,
Taryplaýyn gözel görkün,
Üzülmesin ömür-örküm,
Il-günümden — diregimden.

Güýçnazar Täşliýew,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik
toplumynyň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 30.05.2024

Tmpedagog