31.05.2024 Döredijilik66 .

Beýik şahyryň syrly dünýäsi


Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik hazynasy, dünýäni görüş, oňa akyl ýetiriş we beýan ediş usuly örän giň we çylşyrymly. Şahyr öz döredijiliginde Arşyň, Kürsüň syrly dünýäsinden, zemin wakalaryndan, adamzadyň döreden ylmy, edebi, medeni gymmatlyklaryndan, ähli boljak-geljekden habar berýär. Şahyryň gahrymany, has takygy, soňky döwürlerde edebiýaty öwreniş ylmymyzda adalga öwrülen «liriki meni» döwür, wagt üçin, şeýle hem geografik taýdan çäksiz giňişliklerde hereket edýär. Beýik şahyryň şahyrana şahsyýeti älemiň, dünýäniň syrlaryna düşünmäge, akyl ýetirmäge çalşan bolsa, bu günki gün adamzat Magtymgulynyň döredijiligindäki gizlin syrlara akyl ýetirmäge, olary açyp görkezmäge çalyşýar.

Magtymgulynyň goşgularynyň, onuň gahrymanynyň syrlylygy nämeden ybarat? Şahyr syrly goşgularynyň köpüsinde:

Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur —

diýen pikirini gaýtalaýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda şahyryň «Aşyk bolmuşam», «Sataşdym», «Ýar bizim sary»,«Näme sen?», «Meňzär hökümli», «Kerem islärin», «Bu derdi», «Aýa döndi» ýaly onlarça goşgulary yşk-söýgi temasyndaky goşgular hasaplanyp gelindi. Beýik şahyr:

Tilim guş tilidir, suratym — ynsan,
Hemzybanym barça çemender bile —

diýmek bilen, gahrymanyň diňe daş sypatynyň ynsandygyny, onuň duýgy dünýäsiniň guş dilinde beýan edilýändigini belleýär. Ýokardaky goşgulardaky yşk beşeri söýgi, ýagny ýigit bilen gyzyň aşyk-magşuklygy däl-de, syrly dünýä, Alla akyl ýetirmäge, düşünmäge bolan yşkdyr. Duýgusyz, zehinsiz, ýörite taýýarlyksyz adam bu gizlinligi açmaga ejizlik edýär. Şahyryň:

Dostlar-a, dostum meniň,
jandan eziz söýgülidir,
Jan kibi pynhan jahanda,
äleme belgilidir —

diýip nygtaýşy ýaly, syrly dünýäni gizlin, syrly duýgulara berlen adamyň duýmagy, syzmagy mümkin.

Magtymgulynyň ýüzden gowrak goşgusy şeýle syrly goşgular hasaplanýar. Hatda bu täsin syrlylyk onuň dünýewi goşgularynyň hem içine siňip gidipdir.

Magtymguly Pyragy belli bir döwürde ylahy dünýäniň pynhanlyklaryny açmakda Gündogarda ozaldan ýörgünli bolan sopuçylyk — sufizm akymyna eýeripdir. Hoja Ahmet Ýasawy, Bahaweddin Nagyşbendi, Hekim ata Süleýmany, Nejmeddin Kubra sopuçylyk akymynyň görnükli wekilleridir. Nusgawy türkmen edebiýatynyň söz ussatlary Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Muhammet Gaýyby, Myrat Talyby hem sufistik häsiýetli eserleri döredipdirler.

Edebiýatçy alymlarymyz Ahmet Bekmyradowyň, Şamuhammet Gandymowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň, Romanguly Mustakowyň, Amannepes Şyhnepesowyň ylmy işlerinde Magtymgulynyň döredijiligine sufizmiň ýetiren täsiri, onuň halypalary, şahyryň eserlerinde sufistik garaýyşlaryň ýüze çykarylyşy barada ylmy pikirler ýöredilýär.

Sufistik edebiýatda şahyr öz pikirini beýan etmek üçin birnäçe çeperçilik däplerini ulanýar. Magtymguly gahrymanyň içki syrly dünýäsini açmakda sufistik edebiýatyň düýş gördürmek, ukuly, gapyl görkezmek, söhbete salmak, mejlise gatnaşdyrmak, hal pursadyna düşürmek, hylwat, şygyr okatmak, raks ýaly ýollar bilen heserlendirmek, seýrana çykarmak, uçuryp goýbermek, göçürmek ýaly çeperçilik däplerini işläpdir. Şu agzalan çeperçilik däpleriniň ählisi hem syrly. Olar adamyň kalbynda gizlin bolan, görüp bolmaýan, emma örän ajaýyp, juda mukaddes ylahy gymmatlygy açmaga hyzmat edýär.

Düýş gördürmek arkaly gahrymanyň içki dünýäsini açmak sufizmiň iň ýörgünli däbidir. Magtymguly Pyragy «Turgul diýdiler», «Boldum girýana», «Seda boldum», «Äleme belgilidir», «Bir nan getirdi», «Diwana geldi», «Uçdum, ýaranlar» ýaly goşgularynda sufizmiň bu däbini ussatlarça peýdalanypdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda edebiýatçylarymyz ylahy düýşüň dünýäsine doly aralaşyp bilmän, ony adaty düýş görmek bilen gatyşdyryp geldiler. Aslynda, bu görülýän «syrly düýşleriň» ylmy we çeperçilik esaslary bardyr. «Düýş» bu ýerde çeperçilik serişdesi bolup, ol gahrymanyň içki joşgunyny, hyjuwyny, zowky täsirli beýan etmäge hyzmat edýär. Gahrymanyň daşky ten agzalarynyň — gözüniň, gulagynyň, diliniň ýitip, içki ruhy agzalarynyň, ýagny köňül gözgüsiniň oýanmagy onuň zowka ýa-da hal pusadyna düşmegidir. Gahryman bu pursada düýşünde ýetýär. Şonda oňa ähli syrlar aýan bolýar.

Sufistik edebiýatda gahrymanyň zowk ýa-da hal pursadyna gowuşmagy üçin onuň geçmeli ýoly bar. Ol munuň üçin sufizmiň magrypet, şerigat, tarykat, hakykat atly ruhy kämillik basgançaklaryndan geçmeli. Magtymguly bu basgançaklary goşgusynda:

Bir suprada dört yssy nan,
Üstünde ýedi nar gördüm —

diýip belleýär. Bu ýerde aýdylýan ýedi nar tarykat basgançagynyň duralgalaryny aňladýar. Olar: toba, wara (ägä bolmak), zuhd (özüňi çäklendirmek), pakyrlyk, sabyr, tawakkul (özüňi inkär etmek), rida (bendelik).

Magtymgulynyň sufistik garaýyşlaryny ilkinjileriň hatarynda açmaga şowly synanyşyk eden magtymgulyşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Turgul diýdiler» goşgusynyň derňewinde goşgynyň gahrymanyna pirler, erenler, çiltenler tarapyndan meý içirilip berlen ylhamy şahyrlyk ylhamy bilen gatyşdyrmaly däldigi, bu ýerde Alla, syrly äleme akyl ýetiriş ylhamy barada gürrüň edilýändigi hakynda aýdýar.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň syrly goşgulary, ylahy dünýä baradaky gürrüňler bir gazet makalasynyň çygryndan has uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar. Bular bize beýik şahyryň şahyrana şahsyýetine, onuň edebi mirasyna, umumadamzat genjine goşan goşandyna has aýdyň göz ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Annageldi BEKIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 30.05.2024

Tmpedagog