24.05.2024 Döredijilik472 .

Mugallymlarym, size minnetdar!


Synpdaşlarymyň arasynda göze görünmezekdim. Yuwaşlygym, üstesine-de utanjañlygym sebäpli, sapaga taýýardygyma garamazdan, elimi galdyryp, jogap bermäge çekinerdim. Temany aýdanymda sesim gaty pes çykardy. Mugallymlar ýa meni ýanyna çagyrardy ýa-da özleri temany aýdyp gutarýançam ýanymda durardylar... Aşa ýygralygym üçin ýüzümiñ gyzaran ýagdaýy köp bolupdy.

Mugallym tema düşündireninde ony ünsli diňlärdim. Gyzyklanýan soragymy dile getirmäge bolsa hemişeki bolşum ýaly çekinerdim.

Mugallymlarym, size minnetdar!

Okuw lybaslarymyzyñ, esbaplarymyzyñ talabalaýyk bolmagyny hemişe gözegçilikde saklardyñyz. Sapaklarymyza diňe baha almak ücin däl-de, her gezekde taýýarlakly bolup gelmelidigimizi, bilimimi yzygiderli ösdürmelidigimizi düşündirerdiňiz. Hatymyzy ynamly hem-de owadan ýazmagymyzy ünsden düşürmezdiñiz. Garaz, biziñ hiç bir hereketimiz, häsiýetimiz... siziñ nazaryñyzdan sowa geçmezdi.

Ýygralyk, çekinjeñlik ýaly häsiýetlerimi-de siziñ tagallañyz bilen ýeñmegi başardym. Nädip diýýäñizmi?! Elbet-de, mugallymymyñ köpçülik çärelerine yzygiderli gatnaşdyrmagy, sahnada çykyş etmegi öwretmegi, gymmatly maslahatlaryny bermegi netijesinde. Wagtyñ geçmegi bilen sahnada batly ses, ynamly hem joşgunly hereket bilen çykyş etmegimiz ukyp-başarnygymyzyñ-da ýüze çykmagyna ýardam etdi...

Bu günki günde Watana wepaly perzent bolup ýetişmegimiz, söýen kärimiziñ eýesi bolup, durmuşda mynasyp ornumyzy tapmagymyz siziñ mekdep döwrümizdäki bize eden yhlasyñyzyñ, ynamyñyzyñ... netijesi. Häli-häzirlerem öwüt-ündewleriňiz, sargytlaryñyz, gymmatly nesihatlaryñyz... ýadymda. Bu bolsa işime jogapkärçilikli, tutanýerli çemeleşmegime ýardam berýär.

Bilim alan mekdebimiň, mugallymlarymyñ çäksiz ynam, yhlas... bilen gurşan mähriban ojagymyñ deňinden geçenimde durmuş synagyna ýaňy aýak basan ýüregim ýerinden gozganan ýaly bolýar. Bu ýerde mähriban ynsan - mugallymym öñümden cykaga-da, synagly nazaryny gönükdiräýjek ýaly kalbymyñ gürsüldisi artýar.

Ýolda-yzda okuwçy lybasly çagalary görenimde olaryñ ýanyna baryp, söhbetdeş bolasym gelýär. Okan mekdebimiñ okuwçylaryna duşdugym mugallymlaryma salam ýollaýaryn. Hormatly käriñ eýesi - mähriban mugallymlarym!

Her bir ynsanyň kalbynda siziñ ornuñyz uludyr. Sebäbi siziñ durmuşymyza täsiriñiz aýratyn. Siz ynsanyň ýedi atasynyň biri bolan ylym atasysyňyz! Siz jemgyýetiň görelde mekdebi - mähriban ynsansyñyz!

Mugallymlarym, size minnetdar!

Döwranguly ANNAGULYÝEW,
"Tmpedagog".



Tmpedagog