23.05.2024 Döredijilik260 .

Bagbanyň begenji (Hekaýa)


Baharyň gelmegi bilen bagbanyň işleri hem has-da köpelýär. Muhammet aga-da ýaz aladaly bagban hökmünde her günde diýen ýaly bagynyň ownuk-uşak işleri bilen başagaýdy. Günorta arakesmesinde bagyň içindäki sekide oturyp, çaý içerdi, naharlanardy. Öýüniň gabadyndaky bir gektara golaý meýdany bag ekmek üçin kärendesine alan Muhammet aga her ýylda täze baglaryň hem birnäçesini oturdyp, olara ýeterlik ideg ederdi.

Günleriň aýlanmagy, aýlaryň dolanmagy bilen, işe gümra bolup ýörşüňe wagt çalt geçýän ýalydy. Muhammet aganyň körpe ogly Atahan hem oba hojalyk ugrundan ýokary bilim alyp, obasyna dolandy. Körpe oglunyň çagalykdan bag ekmäge bolan höwesini kalbynda göterip ýören Muhammet aga oglunyň özüne ýakyn kömekçi boljagyna ynanýardy.

Bu gün hem Muhammet aga hemişekileri ýaly, bagyna ideg edip, günorta çaýyny içýän ýerine geldi. Atahan hem işden gelensoň, günorta çaýyny kakasynyň ýanynda içip başlady. Kakasynyň bagçylyk, dürli nahallaryň sapylyşy hakyndaky gymmatly maslahatlary Atahan üçin uly bir durmuş sapagydy. Bu günem Muhammet aga özüniň bagban dosty Akmyrat bilen gürleşip, onuň täze nahallary hakynda eşitdi. Goja bagban Akmyrat agadan täze sapan nahallaryndan bermegi haýyş etdi.

Günorta çaýynda Muhammet aga Atahana ýüzlendi:

— Oglum, şu baglaram sen okuwa gitmänkäň, täze ekilen nahaldy. Indi görseň boýy ýeten baga öwrüldi. Seňem, tüweleme, bag ekmäge bolan höwesiň başgaça. Arada daýhan birleşiginiň başlygy raýatlara bag ekmek boýunça goşmaça ýer bölekleriniň ýene-de bölünip beriljekdigini aýtdy. Ýerimiziň gapdalyndaky ýer bölegini seň adyňa bag edip alaýsak nähili bolarka? — diýip, ogluna sala saldy. Bu habara göwni ganatlanan Atahan:

— Kaka, sen näme diýseň şolam bolar. Bag ekmek meniňem arzuwym, nesip bolsa, şeýtsek gaty gowy bolar — diýdi. Şeýlelikde, Atahanyň adyna bag ekmek üçin kärende ýer bölegi alyndy. Muhammet aga bag ekmekde oglunyň ilkinji halypasydy. Ol ogluna dosty Akmyrat agadan täze bag nahallaryny alyp gelmegi tabşyrdy.

Işe yhlasy ýüzünden duýlup duran ýaş ýigit wagt ýitirmän, Akmyrat agalara geldi. Akmyrat aga hem ozaldan bagbançylyk käri bilen meşgullanýardy. Ýaş ýigit gapyny kakdy. Içerden «Häzir barýan» diýen gyz sesi ýigidiň kalbynda täsin duýgyny oýardy. Birdenem gapy açyldy. Şol aralykda pikire çümen Atahan gapy açylanda, ukudan oýanan ýaly bolup gitdi. Mahyma gözi düşen Atahan:

—Salam, Akmyrat agalaryň öýümi? — diýip, aljyraňňy sorady.

— Hawa, geliň, kakam bagdadyr. Geçiberiň! — diýip, Mahym edaly seslendi.

Mahym bilen Atahan bir okuw jaýynda bilim aldylar. Talyp ýyllarynda gören gözleri ýadyna düşse-de, ol Mahymyň bu gezekki görküne haýran galdy. Atahan Akmyrat agadan kakasynyň sargan bag nahallaryny alyp, oňa özüniň bag ekmek üçin aýratyn ýer bölegini alandygyny gürrüň berdi. Şeýlelikde, Atahan bag nahallaryny alyp ugramakçy bolanda Akmyrat aga gyzyna:

— Mahym jan, gyzym, Atahana derwezämiziň öňündäki bag gülleriniň tohumyndanam berip goýberäý! — diýdi. Onýança, Mahym bag gülleriniň tohumlaryny gutujyga salyp, Atahana uzatdy. Oglanyň bagbanyň gyzyna bolan söýgüsi has-da artdy. Şondan soň Atahanyň bar oý-pikiri Mahymda boldy. Gül tohumy salnan gutujygy aýratyn ýygnap goýup, her gün Mahym hakynda oýlanýardy. Günleriň bir güni ol Mahymyň nirede işleýändigini ýyldaş oglanlaryndan sorap bildi. Bir gün işden gaýdyşyn Mahymyň duran duralgasyna gelip:

— Tüweleme, Sizem şu töwerekde işleýäňizmi? Işleýän edaramyz ýakyn eken. Öňräkki beren gül tohumlaryňyz gögerip, özüňiz ýaly gül açyp başlady — diýip, degşen boldy. Mahym utanjyrap:

— Hawa, menem şu ýerde işleýän. Biokärhanada. Dürli bioönümleri taýýarlaýarys. Nähili, bag nahallaryňyzy ekdiňizmi? — diýdi. — Hawa — diýip, ýigit buýsançly aýtdy. Soňra Atahan ýolda Mahymyň telefon belgisini aldy. Şondan soňra Atahan her gün Mahyma aýdyp bilmedik kalbyndaky sözlerini «SMS» edip başlady. Günleriň bir güni Mahym Atahana hoş söz berdi. Olaryň arasyndaky söýgi durmuş toýuna çenli aralygy geçip, ýaşlary bagta ýetirdi. Oglunyň dosty Akmyrat aganyň gyzy bilen durmuş guranyna Muhammet aga begenmek begendi. Ol körpe ogluny abraýly ýerden maşgalaly edenine diýseň guwanýardy.

Bahar ANNAŞOWA,
Görogly etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 23.05.2024

Tmpedagog