23.05.2024 Döredijilik263 .

“Soňky jaň” sesi


Durmuş gaýnap joşýar bagtyň heňinde,
Şol heňe goşulýar “Soňky jaň” sesi.
Ýene-de bir okuw ýylynyň soňunda,
Baýram güni tolgundyrýar her kesi.

Ol uçurym üçin bolsa-da soňky,
Durmuşa kakylan ilkinji jaňdyr.
Taplanmaga barýan gadamdyr, belki,
Belki-de, geljege çagyrýan ýaňdyr.

Bägüllere beslenipdir Diýarym,
Tolgunmakdan ýaşa dolýar dideler.
Arzuwlarda alyslarda hyýalym,
Uçurym — guş belentlige bat alar.

Watan ogullary, Watan gyzlary,
Berkarar döwletiň dowam ýoludyr.
Arkadagly ýurduň toý-owazlary,
Parahatlyk aýdymyndan doludyr.

Ynha-da “Soňky jaň” arzuw edilen,
Mähir-muhabbete ezýär kalplary.
Bu “Bilimli nesil — kuwwatly Watan”,
Ýaşlarymyzyň ellerinde erkleri.

Uçurymlar! Gutly bolsun baýramlar!
Gül sepilen ýollaryňyz ak bolsun!
Gahryman Serdarly jennet Diýarda,
Watana söýgiňiz çuň hem päk bolsun!
Bu ajap dabara äleme dolsun!

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.
H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 23.05.2024

Tmpedagog