09.05.2024 Döredijilik153 .

Gerçeklere tagzym edeliň!


«Gulluk» diýip, ýola düşen ogluny,
Mertlik bilen ýola salypdyr ene.
«Ýene-de görüşmek nesip bormuka?!»,
Diýip, gözýaşyny sylypdyr ene.

«Käbäm, sen aglama, gaýdyp gelerin,
Gulluk geçer, penakäriň bolaryn.
Atasyz ösdürdiň, gadryň bilerin,
Nesip bolsa, ynha, men dolanaryn»

Diýip sagbollaşan merdana ogluň,
Garaşypdyr ene ýoluna garap.
...Ah, uruş turupdyr duýdansyz halda,
Esgerler ugrapdyr ol jeňe tarap.

Özüne köp agtyk arzuwlan ene,
Umytly nazaryn aýlapdyr gelne.
Şol uruş döwrüniň mert zenanlary,
Tylda agyr keşgi atypdy egne.

Hasrat içre ýüregini paralap,
Ene günün sanap ýola garapdyr.
«Gelermikä oglum?!» diýip aýtmaga,
Hatda soňky deminde-de ýarapdyr...

Beýik Ýeňiş bilen dolanan esger,
Mähriban ojagna aýlapdyr gözün.
Wepadar gelni bar, uýalary bar,
Enäni tapmandyr gözläp ýer-gögün.

...Gol doly maşgala öwrüldi öýi,
Her çen kakam ejesini zarlardy.
«Şu ajap durmuşy ejem görsedi»
Diýip, hemmämize nazar aýlardy.

Ajaýyp durmuşa bizi ýetiren,
Pederlerimize tagzym edeliň!
Watan üçin ezizlerni ýitiren,
Ötenlerimize tagzym edeliň!

Ogulgurban KERWENOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 09.05.2024

Tmpedagog