18.01.2023 Döredijilik410 .
Diýar bilen Bagtyýar
(ýa-da «Jigim bilen men» atly hekaýalar toplumy)
Akbaýyň garagollugy
Obada
– Ata, ol ekiniň ortasynda häliden bäri gozganman duran adam kim?
– Ol adam däl, köşegim. Oňa garantga diýýärler.
– Hä-ä, ýadyma düşdi, ene dili sapagynda geçipdik. Ol ekini goraýan bolmaly.
– Hawa, ekine gelen guş-gumrular oňa adamdyr öýdüp gorkýarlar. Oňa çenli jigimem jedirdedi:
– Ata, ol seniň öňki telpegiňi geýipdir mi? Atam muňa ýylgyryp:
–Tanaýdyňmy, inerim. Hawa, biz oňa geýmejek, könelişen eşiklerimizi geýdirdik. Biz garantgany ýakyndan synlasymyz geldi. Onuň içi agaçdan edilen ekeni. Uzyn taýaga gapdallaýyn taýak çüýlenipdir. Ol garantganyň elleri bolýan eken. Onuň eşikleriniň ýyrtylan ýerlerem bar ekeni. Atam islendik eşigiň Günüň aşagynda köp dursa ýyrtylagan bolýandygyny bize düşündirdi. Garaz, biziň obada wagtymyz juda tiz hemde gyzykly geçdi.
Sirkde
Sirkiň içi juda uly eken. Çykyşlar başlandy. Ilki bir gyzjagaz akja kepderileri we halkasy bilen çykyş görkezdi. Kepderiler halkanyň içinden uçup geçip, gyzyň egnine gondular. Soňra kellesinde uzyn ýaşyl başgaby, burnam ullakan we çym gyzyl eşikli masgarabaz geldi. Onuň köwşem şeýlebir uzyn, ujunda togalajyk gara şara meňzeş ýerem bar. Onuň ýöreýşem gaty gülkünçdi, biz oňa gülüp hezil etdik. Soňra ol özüniň tigrini getirdi. Tigri şeýlebir kiçijik, ol onuň üstünde ullakan bolup otyr. Özem elinde topjagazlary zyňyp gapýar. Käte balagynam çekip goýberýär. Jigimiň dagy gülmekden ýaňa ýüzi gyzaryp gitdi. Iň soňunda atly çykyşlary görkezdiler. Onda oglan-gyzlar dürli oýunlar görkezdiler. Diňe bize däl, ejem kakama-da bu çykyşlar juda ýarady. Jigim gaýdanymyzda: «Ýene-de haçan gelýäris» diýip, zol sorag berdi durdy. Kakam oňa: «Eger mekdepde oňat okasaň, ýene hökman getirerin» diýip aýtdy.
Leýla GARRYÝEWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen
20-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Güneş" žurnaly, 2023 - №1