Ýör, gideli Gerkeze!
Ýör, gideli Gerkeze!
Üç ýüz ýaşda toý tutmak
Nesip etmez her kese.
Gatnaşsak, togap etsek,
Ýör, gideli Gerkeze!
Intizar köp ýyl bäri,
Üýşen eýýäm il bary,
Arzuw edip didary,
Ýör, gideli Gerkeze!
Synlap çaýyn, çeşmesin,
Bezäp köňül keşdesin,
Senem şygra teşnesiň,
Ýör, gideli Gerkeze!
Daglara düşer gözüň,
Dag hakda bolar sözüň,
Beýik şahyr höwesiň,
Ýör, gideli Gerkeze!
Hyýal, gör, nirä çapar?
Küýsänin gözlär, tapar.
Ýatdan çykmaz bu sapar,
Ýör, gideli Gerkeze!
Dana şahyra
Sada halkyň göwün hoşy,
Pygambere deňäni sen.
Üç asyrdyr kerwenbaşy,
Ýola salýaň hemmäni sen.
Deň çekişip il azaryn,
Kakyp gelýäň ýürek taryn.
Hakyň halap, gowluk baryn
Bir göwrede jemläni sen.
Aryf bolar akyl alan,
Ýol almaýar sözlän ýalan.
Peşgeş berdiň nakyl bolan
Niçe setir-jümläni sen.
Adyň meşhur Ýer şarynda,
Nusgalyk bar ygraryňda.
Külli ynsan ykrarynda
Öňden görüp bilýäni sen.
Göze ildiň ýigit çagyň,
Hasyl berýär eken bagyň.
Hak söýleýär Arkadagym:
«Pähim-paýhas ummany sen!».
Nurguly ÝAGMUROW,
Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 12.04.2024