«Ýolagçy ýolda ýagşy»
(Oýlanma)
Heý, ömrüňizde uzak argynlykdan soňra alys ýola çykyp görüpdiňizmi? Hawa, örän uzak ýola hemem size sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ýere... Mähriban ojakda ýakymly ysy burk urýan we hut siziň gelýändigiňiz üçin taýýarlanan tagamy saçaga alyp oturan perişdesypat enäniň gözlerinde balkyldaýan begenji kalbyň bilen duýmak iň ajaýyp pursatlaryň birimikä diýýärin. Şunuň özi hem ýola çykanyňa degýän sebäp. Aram-aram pikirleri durlamak hemde dynç almak niýeti bilen uzaklara ugramak özümiň-ä iň gowy görýän pişäm.
Doglup, önüp-ösen obama tarap rowana bolmak endigime öwrülip gidipdir. Täze ýüzler, otlynyň tanyş sesi... Gürrüňdeşlik, tanyşlyk. Ýolagçylaryň hersi bir maksat bilen nirädir bir ýere ugrandyrlar. Hemmeler ýerli-ýerine ornaşansoňlar, otly ýerinden gobsunar. Öňde geçilmeli uzyn ýollar ýatandyr. Ýüzüni alyslara tutup barýan «demir ata» atlananlaryň köpüsi ýoly uklap geçirmegi makul görýärler. Ine, onsoň ümsümlik hökümini ýöredip başlaýar.
Uzak ýol we sessizlige gaplanan töwerek. Pikirleri boýdan-başa saldarlamak üçin hyýalymda döreden gurşawym. Argyn başyňy biraz durlap, ýolboýy pikirlenip oturmagyň berýän lezzetini diýsene!
Ýoluň seni barjak ýeriňe ýetirýär, arzylan, islän ýeriňe... Öýe barýan nurana ýolda duýgularym, pikirlerim bilen ikiçäk galyp, birwagtlar höwürtgeden uçmagy ýaňy öwrenen guşjagazyň uçup gaýdyşy ýaly, mekanyny terk eden gögele gyzjagaza derek durmuşyň tejribesini göre-göre toplan, akyly goýalan zenanyň agras ädimleri bilen obama gadam basýaryn. Kiçijek obadan uzan ýodajygymdan durmuşda ornumy, kärimi tapmak, mähriban ojagyň beren ak patasyny haklamak üçin ugrapdym. Ellerini uzadyp ýola ataran käbämiň mähirden pürepürlenen didaryna suwsan köňlüme aram bermelidim. Bu ruhum üçin juda zerurdy. Şu mukaddes borjumy ýerine ýetirmäge ugran ýolumda dogduk obama, tanyş adamlara, hossarlaryma niýetlän aýdymym ýüregimiň owazy, duýgularyny daşyna çykaryp bilmeýän oba gyzynyň sedasy bolup gursagymda ýaňlanýar, azaşan duýgularym özüni dürsäp, kalbyma rahatlyk ornaýar. Edil şu wagt saz çalyp bilýän bolsam, Şopeniň ajaýyp sazlary ýaly, bir ajap sungat eserini dörederdim diýýärin. Wah, şygyr ýazyp bilýän bolsadym, onda Ezizowyň sonetleri ýaly, näzik hem duýga baý eserleri dörederdim.
Uzak ýol. Men. Pikirler. Dünýäniň bu çetinden girip, ol çetinden çykyp bolýar pikir ede-ede. Hakyda bolsa her hili oýlar gelip-geçip durandyr. Ömrüň manysy, durmuş, ynsan, dünýä... Şu zatlar hakynda pikir ýöredip oturyşyňa, ýolagçylygyň soňky menzile çenli dowam edýändigi seriňe dolýar. Soňky menzil bolsa seniň dogduk depäň, barmak üçin ugran nokadyň. Ýola düşenleriň ýol lezzeti hem şol ýerde tamam bolýar, wysala gowuşýar.
Bu ynsan ömrüne çalym edýär. Adamzat — doglandan tä ahyrky günlere çenli ýoluny irmän-arman dowam edýän ýolagçy. Ýollaryň uzaklygy-gysgalygy ony gyzyklandyrmaýar, diňe ugran nokadyna ýetýänçä durmuşdan lezzet almagy maksadyna öwrendir. Ýolboýy ömri hakdaky pikirlere-de orun berer. Ýolunyň berýän eşretinden ýaňa ýetmeli ýerine nädip aşandygynam bilmez. Çünki öňem aýdypdyk, uzaklara ugramagyň lezzeti bir başga diýip. Soňky menziliniň mähriban ojak deýin ýylysyny duýup, baky rahatlygy, ümsümligi peşgeş berjek günleriniň aladasy bilen ýaşar. Menzile ýetýänçä eden her bir ýagşy amallarynyň berjek miwelerini ölçerip-döker, umyt doly kalbyndan geçiren duýgulary, aňynda aýlan pikirleri bilen ýoluny dowam eder. Çünki «Ýolagçy ýolda ýagşy».
Aram-aram ömür we onuň manysy barada çuňňur oýa batmak üçin alys bir ýerlere ýola çykyp görüň. Ýolboýy eden pikirleriňiziň sizi täze sepgitlere, haýyrly başlangyçlara iterjekdigine ynanýaryn.
Bägül BERDIÝEWA,
Akbugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Nesil" gazeti, 14.01.2023