Beýik Pyragy
Magtymguly Pyragy
Berkarar döwlet islän,
Magtymguly Pyragy.
Kalpda halallyk beslän,
Magtymguly Pyragy.
Erkin, azat ilimiň,
Açyk ýoly bilimiň,
Bize nusga ylymyň,
Magtymguly Pyragy.
Nusgasy sen döwürleň,
Eserleriň, şygyrlaň,
Owazasy ömürleň,
Magtymguly Pyragy.
Päklige baş ugur sen,
Ýer ýüzünde meşhur sen,
Setirleň däp-dessur seň,
Magtymguly Pyragy.
Arzuwyň myrat tapdy,
İliň bagty at çapdy,
Pendiň derýa deý akdy,
Magtymguly Pyragy.
Gahryman Arkadagyň,
Beren beýik bahasy:
«Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy».
Pyragy
Bag-bakja bürenen jenneti ýerde,
Alyp döwet galamyny eline.
Buýsanyp, guwanyp beýik Pyragy,
Garap otyr bagtyýarlyk iline.
Geldi seniň çoh garaşan eýýamyň,
Arzuwyn edipdiň şeýle heňňamyň.
Şygryýetiň, gözel görkli meýdanyň,
Äri sensiň Magtymguly Pyragy.
Döwlet bitewüligi kalpda besläniň,
Agzybirligidi ýürek isläniň,
Ynsanlaň içinde dosty pespäliň,
Sendiň ündew eden beýik Pyragy.
Goşgy kalba siňer manyly bolsa,
Hem terbiýe berýän galyby bolsa,
Şygryýetiň özi bir gämi bolsa,
Kürekçisi sensiň dana Pyragy.
Beýik Pyragy
Şygryýet älemniň ussady, piri,
Her sözüň mynasyp öwgä, Pyragy.
Eserleriň ýaşar ömürlik diri,
Öwütleň ýugrulan söýgä, Pyragy.
Dünýä ykrar etdi beýikligiňi,
Çünki sen poeziýaň ägirt bir diňi,
Bu gün dünýä ýüzi okaýar seni,
Öwdüň alan galar beýge, Pyragy.
Gadyryň-gymmatyň artykdyr mydam,
Ruhy ganatlanar şygryňy okan.
Bakylyk hakynda ebedi mukam,
Mirasyň eýlenen duýga, Pyragy.
Üç ýüz ýyllyk toýuň toýlanýar bu gün,
Şygyrlaň Ýer şaryn aýlanýar bu gün,
«Adyň weli» diýip aýdylýar bu gün,
Hakdan içen şahyr göýä Pyragy.
Hemra DURDYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň
14-nji orta
mekdebiniň mugallymy.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň
elektron goşundysy, 19.02.2024