Watana buýsançnama
Watanym, Türkmenistan,
Gül goýnuň aýdym mukam.
Giň dünýäde ýeke-täk-
Seniň deý jennet mekan.
Ýerasty hem ýerüsti
Baýlyk genji käniň bar.
Bu gün jahana dolan
Beýik şöhrat şanyň bar.
Watan berkararlygy
Zähmet bilen berkeýär.
Arkadagly halkymyz
Toý toýlaýar bagtyýar.
Eziz watan Garaşsyz,
Dost doganlyk merkezi.
Paýtagtymyz Aşgabat
Aziýanyň merjeni.
Ýurt tylla ýüzük bolsa,
Aşgabat göwher gaşy.
Ak mermerli binalaň
Göge uzaýar başy.
Bäş welaýat –bäş dogan,
Şanly toýun toýlaýar.
Toýa sowgatly barýan
Türkmen halky ýaýnaýar.
Bu bagty bagyş eden
Sag bol Arkadagymyz!
Paýhasyňyz ýaýylyp ,
Dünýä dolýar şanymyz!
Serdar Ýazhanow,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
“Mugallymlar gazeti”, 13.09.2021